logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Society /BILDIRIŞ!
  17.05.2023
901
BILDIRIŞ!

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ykdysadyýet we howany goramak federal ministrligi bilen bilelikde ýurdumyzyň dolandyryş işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmak boýunça okuw çäreleriniň 2023-nji ýyldaky tapgyryna gatnaşjak döwlete dahylsyz taraplaryň arasyndan dalaşgär seçip almak üçin söhbetdeşligiň yglan edilýändigini habar berýär.

Söhbetdeşliklere gatnaşmaga isleg bildirýänler 2023-nji ýylyň 10-njy iýunyna çenli zerur resminamalary Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine tabşyrmaly.

Türkmen hem-de german telekeçileriniň arasynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen taslamalary taýýarlan dalaşgärlere 2023-nji ýylyň dowamynda wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek okuwlara gatnaşmak we Germaniýa Federatiw Respublikasynda 2 hepdelik tejribe geçmek mümkinçiligi döredilýär. Dalaşgärler nemes, iňlis ýa-da rus dilleriniň haýsy hem bolsa birini ýeterlik derejede bilmelidirler. 

Dalaşgärlere bildirilýän esasy talaplar: 

1.Ýokary bilimli bolmaly.

2.Telekeçi ýuridiki şahslaryň ýolbaşçysy, düzüm birliginiň ýolbaşçysy ýa-da hususy telekeçi bolmaly (Aşgabat şäheri we welaýatlar).

3.Dalaşgäriň azyndan 2 (iki) ýyl iş tejribesi bolmaly. 


Goşmaça maglumatlary we doldurylmaly zerur resminamalaryň sanawyny www.fineconomic.gov.tm saýtynda görmek bolar.

Ähli soraglar boýunça aşakdaky telefon belgileri arkaly ýüz tutup bilersiňiz: (99312) 39-43-55; (99312) 39-45-72.