logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Society /Beýik Watançylyk urşundaky Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp ýatlama duşuşygy geçirildi
  08.05.2025
848
Beýik Watançylyk urşundaky Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp ýatlama duşuşygy geçirildi

2025-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti tarapyndan 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşundaky Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp, “Asuda asman üçin” atly döredijilik hem-de ýatlama duşuşygy geçirildi.

 

Duşuşyk partiýanyň Merkezi Geňeşiniň kiçi mejlisler zalynda geçirildi. Oňa partiýanyň agzalary hem-de hormatly myhmanlar gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda watançylyk ruhunda ýerine ýetirilen döredijilik çykyşlary gatnaşyjylar üçin täsirli pursatlary döretdi.

 

Maslahaty Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy Yhlas Ymamgulyýew alyp bardy. Duşuşykda Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy Şaberdi Amansaparow, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Weteranlar geňeşiniň agzalary Begenç Öwliýagulyýew we Jumaguly Suhanow, şeýle-de Aşgabat şäheriniň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň ýaşaýjysy Sähetmyrat Akmyradow çykyş etdiler.

 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, hormatly weteranlarymyzyň bütin durkuň bilen Watanymyzyň mukaddesliklerine uýmak, agzybirligimiziň, jebisligimiziň, abraý-mertebämiziň synmazlygyny gorap saklamak, ynsan mertebesini belent tutmak, ak ýürekli, lebzi halal, zähmetsöýer, belent ahlakly bolmak, manyly ömür sürmek baradaky öwüt-ündewlerine hem-de nesihatlaryna eýerip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyz, mähriban halkymyz üçin okamak, öwrenmek, döretmek, gurmak, ýurdumyzyň dünýä dolan şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak biziň mukaddes borjumyzdyr.