logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Beýik şahsyýetler diplomatiýa barada
  14.02.2023
1387
Beýik şahsyýetler diplomatiýa barada

Bilýäňizmi, diplomatiýany okap öwrenip bolmaýar, onuň üçin duýgurlyk gerek. / Aleksandr Dýuma / 

Diplomat – bu näme jogap berjegini bilmeýän wagty näme sorajagyny bilýän adamdyr. / Konstantin Melihan / 

«Diplomatiýa – bu güýjüňi jylawlamagyň sungatydyr». / Genri Kisinjer / 

Diplomat – bir adama seretmän ony görüp bilmeli, görmän seredip bilmeli. / Jak Tati / 

Hakyky diplomat ýeňşini öz peýdasyna ulanmaýar. / Wolter Lipman / 

Diplomatiýa – bu meseläniň öz-özünden çözülmegine çenli karar kabul etmegi gijikdirmegiň sungatydyr. / Paulo Koelho / 

Ol örän ussat general. Şonuň üçin hem hiç haçan söweşe girmeýär; Ol örän ussat diplomat, ol bir adama: «Salam» diýmek üçin 12 sagat pikirlenip, ahyrsoňy hem şeýle diýýär: «Hoş, sag bol!»  / Aleksandr Dýuma / 

Men köplenç pikirimde bolmadyk zatlary gürlemeli bolýaryn. Muňa diplomatiýa diýilýär. / Frenk Gerbert / 

Diplomat depli söweşi ýakymly sazyň sesine üýtgedip bilmeli. / Yujin Onil / 

Ökde diplomat hemişe nämäni ýadyndan çykarmaklygy ýadynda saklaýar. / Garold Makmillan / 

Diplomat – bu aýtmajak zadyny hem  iki gezek pikirlenýän adamdyr. / U. Çerçil
/

 

Aýgül ISAÝEWA,

Daşoguz şäheriniň 27-nji orta 
mekdebiniň mugallymy.