ABŞ-da 10 ýyldan gowrak wagt dowam eden ýokumly witamine baý benewşe pomidory öndürmek tapgyry tamamlandy. ABŞ-nyň Oba hojalygy ministrligi antioksidantlara baý we genetiki taýdan üýtgedilen benewşe pomidorlary tassyklady. Bu pomidorlar öňki görnüşlere garanyňda 10 esse köp antioksidant madda öndürýär.
2008-nji ýylda «Nature Biotechnology» žurnalynda neşir edilen makalada geljekde bir pomidor görnüşiniň, hususan-da gen redaktirlemegi arkaly has köp antioksidant öndürip biljekdigi habar berlipdi.
Antosýaninler gök we gyzyl kelem ýaly köp miwelerde tebigy bolýar. Benewşe reňk pigmenti bolan iýmitler ýürek keselleriniň we süýji keseliniň döremek howpuny azaldýar.
Pomidorlaryň käbir görnüşleri tebigy benewşe bolany üçin, düzüminde az mukdarda antosýaninler bar we käbir iýmitleniş hünärmenleri bu derejeleri birnäçe genetiki düzedişler bilen ýokarlandyryp bolar öýdýärler. Hünärmenler bu pikiri öňe sürüp pomidora antosýaninlere baý bolan bir ösümligiň genini goşdular. Bu gen ösümligiň antosýanin öndürmek ukybyny ýokarlandyrdy we pomidora benewşe reňk berdi.
Soňky ýyllarda ýokumly witamine baý pomidorlary öndürmek üçin birnäçe usullardan peýdalanyldy. Alymlar ilki bilen rak ýa-da ýürek näsaglary üçin kliniki şertlerde synag edilip bilinjek antosýanine baý pomidor suwuny öndürmäge ünsi jemlediler. Netijede bolsa benewşe pomidor öndürildi.
Jahan NURYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki
Agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy.