Gadymy Gündogarda ýörgünli bolan “Bir ýylyň aladasyny etseňiz, däne ekiň, on ýylyň aladasyny etseňiz, daragt ýetişdiriň. Ýüz ýylyň, müň ýylyň aladasyny etseňiz, nesil ýetişdiriň” diýen parasatly sözlerinde görnüşi ýaly nesil ömrüň dowamaty, beýik geljegiň bagty. Şu günki ýaş nesiller – ertiriň hamyrmaýasy, Watanymyzyň bagtyýar geljeginiň eýeleridir. “Ýaşlar biziň geljegimizdir, ýaşlar biziň başyny başlan işlerimizi mynasyp dowam etdirijilerdir” diýip türkmen ýaşlaryna beýik ynam, uly bil baglaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlary ýaşaýşyň baýdagyna deňeýär. Bu bildirilýän beýik söýgi, beýik ynam bolsa kalby ylham ganatly bagtyýar ýaşlary has-da joşgunly işlemeklerine, okap bilim almaklaryna we Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaklaryna ruhlandyrýar.
Watanymyzyň daýanjy we söýenji bolan türkmen ýaşlarynyň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ata-enä sylag hormatly edip ýetişdirmekde türkmen edebiýatyň söz ussatlarynyň döredijiligi, kämil eserleri ýol-ýörelge, görüm-görelde mekdebidir. Biziň owadan Diýarymyzda her bir gelýän ýylymyz özboluşly, bir-birinden parhly, özboluşly aýratynlygy bilen üýtgeşik bolup gelýär. Esasy aýratynlygam, ýyllara dakylýan şygarlarda. Biri-birinden many-mazmunly, pähim-paýhasly, dowamata dowamly. Ynha bu şanly ýylymyzyň “Pähim-paýhas ummany, Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyrylmagy, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasadynyň, paýhasynyň artykmaçlygy, duýgy-düşünjesiniň owadanlygy, üýtgeşikligi dünýäňe dolýar. Türkmen topragy zehinlere baý toprak. Uzak-uzak asyrlaryň dowamynda şu toprakda doglup, ýaşap, döredip geçen şahsyýetleriň, ýazyjy-şahyrlaryň, bagşy-sazandalaryň döreden eserleri şu günlere çenli öz gymmatyny ýitirmän belentde sarpalanyp gelýär. Türkmeniň taryhynda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetleriň biri hem söz sungatynyň zergäri Magtymguly Pyragydyr. Ol türkmen edebiýatynyň guwanjy we buýsanjy hasaplanýar. 18 asyrda ýaşap geçen beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bütin dünýäde meşhur bolup, ol Jemşidiň jamyna deňelýär. Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan ömrüni, durmuşyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir. Dünýä döwletleriniň akyldar şahyra goýýan sarpasy türkmen halkyna goýulýan hormat-sarpadyr. Şahyryň ruhuňy galdyrýan, göwnüňe gülzarlyk gondurýan ajaýyp eserleri jebis halkymyzyň mirasy, bahasyz hazynasydyr. Sözüň-sazyň sarpalanýan ýurdunda şahyryň döredijiligi hemmetaraplaýyn öwrenilip, şu şanly ýylymyzda hem Magtymguly Pyragynyň 300-ýyllyk şanly toýunyň bellenilip geçiriljekdigi we şol toýa ähli edara kärhanalarda ýokary derejede taýýarlyk görülmegi, dabaraly çäreleriň, duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi, kitap sergileriň gurnalmagy zehinli şahyra goýulýan belent mertebedir. Biz hem Mary welaýat çagalar kitaphanasynyň agzybir işgärleri bolup, çagalar kitaphanasynda söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlap terbiýeçilik ähmiýetli duşuşyklary, aýdym-sazly dabaralary we bäsleşikleri yzygiderli geçirýäris.
Magtymguly Pyragynyň şahyrana dünýäsi türkmen ruhunyň synmaz sütüni, milletiň kalbynyň owazydyr. Dana şahyryň Watansöýüjilik, parahatçylyk, hoşniýetlilik ýaly gymmatly pikirleri şu günki we geljekki nesillerimiz üçin ruhy ýörelgedir. Şahyryň türkmen edebiýatynda tutýan orny uludyr. Magtymguly Pyragynyň eserleriniň içinden eriş-argaş bolup geçýän türkmen döwletiniň özbaşdaklygy, berkararlygy, Watana bolan söýgi, päk ahlaklylyk, mertlik, gahrymançylyk ata-enä hormat, agzybirlik asudalyk, zähmetsöýerlik ýaly pikirleri ýüreklerimize täzeçe şugla saçýar. Şahyryň “Bir suprada taýýar kylynsa aşlar göteriler ol ykbaly türkmeniň” ýa-da “Berkarar döwlet islärin” ýaly ajaýyp setirleri beýik akyldaryň döwlet gurmak, döwlet bolmak baradaky garaýyşlarynyň beýanydyr. Bu günki günde şahyra aýratyn sarpa goýulmagy her birimiziň kalbymyzy ruhlandyrýar. Mary welaýat çagalar kitaphanasynyň agzybir işgärleri hem döredilýän giň mümkinçiliklerden ruhlanyp okyjylar köpçüligiň kalbynda kitaba bolan söýgini oýarmakda, kitaphana gelýän okyjylary täze täze neşirler bilen yzygiderli tanyşdyryp durmakda, medeni köpçülikleýin çärelerde kitap sergilerini gurnamakda joşgunly zähmet çekeris. Ýurdumyzda okamana, öwrenmäne giň mümkinçilikleri döredip berýän, halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, alyp barýan belent maksatly işleri diňe rowaçlyklara beslensin!
Enegyz ATAÝEWA,
Mary welaýat Çagalar kitaphanasynyň
2-nji derejeli kitaphanaçysy.