Häzirki wagtda durmuşda iň köp duş gelýän ýagdaýlaryň biri-de adamlaryň barmaklaryny şyrkyldatma endigidir. Käbir daşdan bu ýagdaýy syn edýän adamlarda gahar duýgusy döreýär we olar barmak şyrkyldatmagy zyýanly hasaplaýarlar. Şunuň ýaly özboluşly täsirli hereket bilen meşgullanýan adamlar bu endigiň adam saglygyna zyýanly täsiriniň ýokdugyna ynanýarlar.
Eýsem, barmaklary şyrkyldatmak endigi hakykatdan hem adam saglygy üçin zyýanlymy? Aslynda barmaklaryň bogunlarynda maksimal derejede dartgynlyk ýüze çykan mahaly bogun süňkleriniň birleşýän ýerinde basyş tiz wagtyň dowamynda peselýär. Netijede bogun suwuklygy üýtgäp, «gaýnamaga» başlaýar. Bogun perdesinde uly bolmadyk gaz köpürjikleri peýda bolýar. Bu gaz köpürjikleriniň ýarylmagynyň esasynda hem bogunlarda şyrkyldama peýda bolýar. Hünärmenleriň bir topary şyrkyldatma endiginiň dowamly ýerine ýetirilmeginiň tarapdary däl. Sebäbi olar bu ýagdaýy süňkleriň yzygiderli sürtülmeginiň howpludygyny, bogunlaryň işiniň peselýändigi bilen düşündirýärler. Bogunlarda şyrkyldamanyň döremegine şu aşakdaky ýagdaýlar sebäp bolýar:
- Duzlaryň ýygnanmagy;
- Şikeslenmäniň netijesinde bogunlardaky gurluş üýtgemeleri;
- Nädogry iýmitlenmeklik;
- Myşsalaryň sowuklamagy;
- Çilim çekmeklik, spirtli içgileriň içilmegi;
- Artroz - bogunlardaky gaty dokumalaryň kesellemegi netijesinde olaryň maýyşgaklygynyň bozulmagy;
- Eliň barmaklaryndaky süňkleriň durnuksyz ýagdaýy bilen baglanyşykly dogabitdi patologiýa.
Hünärmenleriň ikinji topary barmak şyrkyldatma endigini kadaly fiziologiki ýagdaý hasaplaýarlar. Olar bu endigiň beden saglygyna hiç hili ähmiýetiniň, ýagny zyýanynyň hem, peýdasynyň hem ýokdugyny düşündirýärler. Il arasynda ýaýran bu endigiň zyýanlydygy baradaky meşhur pikir ylymda öz beýanyny tapmady.
ABŞ-da ady belli lukman Donald Unger 50 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda diňe çep eliniň barmagyny günde şyrkyldadýar, sag elinde bu endigi gaýtalamaýar. Ol 80 ýaşynyň töwereginde elleriniň barmaklarynda rentgen barlagyny geçirýär. Netijede iki eliniň barmaklaryndaky bogunlarynyň ýagdaýynyň birmeňzeşdigini, gaýtam ýagdaýynyň oňatdygyny anyklaýar. Şunuň ýaly barlaglar Şweýsariýada, Beýik Britaniýada, ABŞ-da hem köp adamlar bilen geçirilýär we bu endigiň zyýansyzdygy ýüze çykarylýar.
Häzirki wagtda geçirilen köpgezeklik barlaglaryň esasynda ýer ýüzüniň ähli adamlarynyň 54 %-niň barmak şyrkyldatma endigi bilen meşgullanýandygy hasaba alyndy. Köp adamlar üçin bu endik örän täsirli. Käbir adamlar bolsa tolgunan mahaly barmaklaryny şyrkyldatýarlar we özlerinde dörän stress bilen göreşýärler. Netijede olar özlerini oňat duýýarlar.
Goşa ATAÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Lukmançylyk
gullugynyň guralyşy we usulyýeti
kafedrasynyň uly mugallymy.