logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Society /Balkanabat şäherinde welaýat adalat bölüminiň täze edara binasy açyldy
  02.06.2023
984
Balkanabat şäherinde welaýat adalat bölüminiň täze edara binasy açyldy

Balkanabat şäherinde welaýat adalat bölüminiň täze edara binasy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi.

Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Balkan welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriniň, welaýatyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesliň wekilleri, sungat ussatlary hem-de şäheriň köpsanly ýaşaýjylary agzybirlik bilen işjeň gatnaşdylar.

Dabarada birnäçe gutlag çykyşlary diňlenildi. Soňra döwrebap binanyň gurluşygynda yhlasly zähmeti bilen tapawutlanan ussat gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Soňra ýaşuly nesliň wekilleri toý bagyny kesip, welaýat adalat bölüminiň täze edara binasynyň işine ak pata berdiler.

Ýeri gelende belläp geçsek, Balkan welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk dolandyryş edarasynyň buýurmasy esasynda gurluşyk işlerini Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işjeň agzasy, «Gündogdy» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary ýerine ýetirdiler. Üç gatdan ybarat binada işlemek üçin döredilen mümkinçilikler bolsa dabara gatnaşyjylarda çuňňur kanagatlanma duýgularyny döretdi. Sebäbi ak mermer bilen bezelen bina iş we beýleki hojalyk otaglarynyň 80-sini özünde jemläp, olar ösen tehnologiýalar, häzirki zaman aragatnaşyk serişdeleri, kompýuterler, döwrebap mebeller bilen üpjün edilipdir. Binada ýygnak geçirmek üçin zal, kitaphana, garbanyşhana, naharhana, internet otagy ýerleşýär. Ýyladyş we sowadyş enjamlary, elektrik üpjünçiligi üçin binalary özbaşdak ýerleşýän edara jaýynyň howlusynda üsti ýapyk we açyk duralgalar, suw howuzlary bar.

Dabaranyň ahyrynda toý sadakasy berildi.