logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Sport /Bäherden etrabynda woleýbolçy zenanlar ýaryşdy
  06.03.2023
1400
Bäherden etrabynda woleýbolçy zenanlar ýaryşdy

Bäherden etrabynyň Mürçe obasyndaky 12-nji orta mekdepde geçirilen woleýbol ýaryşy Halkara zenanlar gününe bagyşlandy. Etrap bedenterbiýe we sport bölüminiň meýilnamasy esasynda geçirilen ýaryşa etrapdaky orta mekdeplerden gelin-gyzlardan düzülen toparlar gatnaşdy.

Ýaryşyň esasy maksady ildeşlerimizi sporta çekmekde, olaryň woleýbola bolan höwesini we sport ussatlygyny ýokarlandyrmakdan ybarat boldy. Woleýbol ýaryşynyň netijesinde etrapdaky 27-nji orta mekdebiň topary birinji, 23-nji orta mekdebiň topary ikinji, 17-nji orta mekdebiň topary üçünji orna mynasyp boldular. Ýeňijilere Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşiniň sowgatlary gowşuryldy.