logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Sport /Bäherden etrabynda kiçi futbol ýaryşy geçirildi
  13.03.2023
1215
Bäherden etrabynda kiçi futbol ýaryşy geçirildi

Bäherden etrabynyň sport mekdebinde «Berkarar döwletiň sagdyn ýaşlary» ady bilen kiçi futbol ýaryşy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň, etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda bolan ýaryşa ýetginjeklerden düzülen toparlaryň birnäçesi gatnaşyp, özara güýç synanyşdy.

Çekeleşikli geçen ýaryşda «Galkynyş» topary ýeňiji boldy. Ýaryşda Bezirgen Bäşimow, Bagtyýar Babaýew, Baýramgeldi Nurýagdyýew, Işanmyrat Söýünow dagynyň aýratyn tapawutlanmagy başarandyklaryny bellemek gerek. Olara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.