Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalary bilen tanyş edýäris ✦ ✦ Bilim ulgamynyň ösüşi: mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumy ✦ ✦ Merkezi Aziýada ylmy hyzmatdaşlygyň täze tapgyry: mümkinçilikler we strategik ugurlar ✦ ✦ Aşgabatda uly futbol güni: "Arkadag" bilen "Al-Nassr" şu gün Olimpiýa stadionynda duşuşýar ✦ ✦ Türkmenistanyň ylmy kartografiýasy: giňişligi ölçemekden - ylmy garaýyşa çenli ✦ ✦ EKSPORT — Global bazara ýol ✦ ✦ Garagum çöli: ylmy barlaglar we durnukly ösüş mümkinçilikleri ✦ ✦ Emeli aňyň adamzadyň durmuşyna täsiri: peýdasy we töwekgelçilikleri ✦ ✦ "Bedew bady: güýç hem gözellik" atly döwletara bäsleşigi GDA gatnaşyjy ýutlaryň arasynda, yglan edildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýolbaşçylaryna gynanç hatyny iberdi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Bägül Öräýewa Koreýada telebäsleşige gatnaşdy
  18.10.2023
562
Bägül Öräýewa Koreýada telebäsleşige gatnaşdy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Bägül Öräýewa Koreýa respublikasynyň hemaýatkärliginde gurnalan “Quiz on Korea” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşdy.

     2023-nji ýylyň iýun aýynda Koreýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň gurnamagynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller uniwersitetinde “Quiz on Korea” atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşik koreý dilini öwrenýänleriň we gyzyklanma bildirýänleriň  arasynda bolup, oňa okuwçylardan, talyplardan we raýatlarymyzdan birnäçesi gatnaşdy. Tapgyrlaýyn geçirilen bäsleşikde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Bägül Öräýewa ýeňiji bolup, gymmatbaha sowgatlara mynasyp boldy we Koreýanyň Seul şäherinde geçiriljek bäsleşigiň halkara derejesindäki jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

 

 

    Koreýa respublikasynyň hemaýatkärliginde gurnalan “Quiz on Korea” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry 2-11-nji sentýabr aralygynda dowam etdi. 2012-nji ýyldan bäri geçirilýän bäsleşige bu gezek 21 döwletiň wekili gatnaşdy. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna berlen guramaçylyk möwsüminiň dowamynda gatnaşyjylar üçin dürli ýerlere syýahatlar gurnaldy. Olar syýahat etmek bilen koreý medeniýetiniň dürli ugurlary, ýörelgeleri, milli tagamlary we şäher gözelligi bilen tanyşdylar.

 

      Bägül Öräýewanyň gatnaşyjylaryň arasynda ýaşy boýunça iň kiçiligine garamazdan topar liderligine saýlanyp, goşmaça mümkinçilikleri gazanyp bilendigi buýsandyryjy pursatlaryň biri boldy. Hat-da guramaçylyk toparynyň wekilleri bilen liderleriň arasynda geçirilen maslahatlarda Bägül Öräýewanyň Türkmenistan döwletimiziň medeniýeti, ösüşi barada uly buýsanç bilen belläp geçmegi, oturanlarda ýurdumyza bolan gyzyklanmany artdyrdy. Mundan başga-da ýaş wekilimiziň bellemegine görä, häzirki wagtda ýaşlaryň arasynda meşhur bolan koreý medeniýet ýyldyzlary bilen bäsleşige gatnaşyjylaryň arasynda söhbetdeşlik etmek mümkinçilikleriniň dörändigi, olaryň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlaryň birine öwrüldi.

 

     Türkmenistanyň ilkinji gezek gatnaşýan “Quiz on Korea” bäsleşiginde Bägül Öräýewa üstünlikli çykyş edip tapawutlanandygy üçin aýratyn sylaglara mynasyp bolandygyny, esasan hem, Koreýa respublikasynda ylym-bilim alýan ildeşlerimiziň bäsleşige tomaşa etmäge gelip, özüne ruhy goldaw berendigini buýsanç bilen belleýär. Şeýle üstünlikler bolsa ýaş wekilimiziň öňünde täze sepgitler üçin täze maksatlar goýmaga ýol açdy.