Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmen wekiliýeti Warşawada maslahata gatnaşdy ✦ ✦ Türkmenistan 2026-njy ýylda GDA-nyň başlyklygyna taýýarlanýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň sammitine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda halkara sergi we maslahat geçirildi ✦ ✦ Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasy bilen energetika we ulag hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýardygyny beýan etdi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti Merkezi Aziýa mugallymlarynyň forumynda ✦ ✦ Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň mejlisi geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk dostlukly gatnaşyklarynyň nyşanydyr ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦
Baş sahypa / Syýasat /Bagtyýar ýaşlar üçin uly mümkinçilikleriň ýyly
  10.01.2023
1268
Bagtyýar ýaşlar üçin uly mümkinçilikleriň ýyly

Bagtyýar halkymyz uly ruhubelentlik bilen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna gadam basdy. Üstünlige beslenen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyz hem halkymyzyň durmuşyna ýatdan çykmajak pursatlary, taryhy wakalary bilen girdi. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan beýik işlerinde eziz watandaşlarymyzyň aýdyň geljeginiň aladasy aýdyň görünýär. Bu günki günde ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport ulgamlarynda, durmuş üpjünçiliginde ýetilen sepgitler bimöçberdir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy ykdysady-medeni taýdan gülledip ösdürmek bilen baglanyşykly öňde duran belent wezipeleriň çäklerinde ýaşlar syýasatyna hem uly üns berilýär. «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýip, nygtaýan Arkadagly Serdarymyz ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň okamagy, döretmegi, kämil bilim almagy ugrunda netijeli işleri bilen göwünleri galkyndyrýar. 2023-nji ýylyň şygarynyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi hem ýurdumyzda ýaşlar syýasatyna möhüm ähmiýet berilýändiginden habar berýär. Häzirki wagtda ýaşlar jemgyýetimiziň işjeň güýji bolmak bilen, dürli kärde yhlasly zähmet çekip, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar. Ýaşlary dürli ugurlarda goldamak boýunça döwletimiz tarapyndan amala aşyrylýan işler hem özüniň oňyn netijesini berýär. Ýaş zehinleri ýüze çykarmak, höweslendirmek boýunça geçirilýän dürli bäsleşikler, möhüm çäreler sagdyn hem-de kämil şahsyýetleri kemala getirmekde möhüm ähmiýetlidir. Ýurdumyzda ýaşlar barada ýöredilýän döwlet syýasaty aýdyň maksatlary nazarlamak bilen, bagtyýar ýaşlarymyza uly ynam bildirilýär. Uly rowaçlyklar bilen badalga alan tutumly işleriň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» hem üstünlikli dowam etdirilip, ýurdumyzyň ösüşlerine goşant boljakdygy ikuçsyzdyr. Şeýle beýik işleri bilen eziz Diýarymyzyň at-abraýyny belende götermekde uly tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun! 

 

Serdar ŞAMYRADOW,

Aşgabat şäherindäki 
Agrosenagat orta hünär 
okuw mekdebiniň talyby.