logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Society /«Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde medeni, sport çäresi geçirildi!
  15.06.2023
1131
«Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde medeni, sport çäresi geçirildi!

Golaýda, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda bagtly çagalaryň arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdunda, çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminde wagtlaryny şadyýan we gyzykly geçirmeklerini, olaryň erkana ulalmaklaryny we rahat dynç almaklaryny gazanmak maksady bilen Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyndan ugur alyp, Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde Ahal welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Geňeşiniň we Ahal welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň bilelikde guramagynda «Biz bagtyýar çagalar» atly medeni, sport çäresi geçirildi.

Merkeziň çägindäki sport desgalarynda we meýdançalarynda «Kim çalasyn, kim çakgan?!» ady bilen geçirilen türkmen milli oýunlary we köpçülikleýin sport çäreleri çagalaryň göwnüni açyp, olaryň wagtlarynyň hoş geçmegine uly itergi berdi. Ýaryşlarda tapawutlanan çagalara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.