logo

Latest news:
✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦
Home / Society /Bagtly çagalygyň ýurdy
  17.03.2024
444
Bagtly çagalygyň ýurdy

Häzirki döwürde Türkmenistanda bilim özgertmesini çalt we netijeli durmuşa geçirmek üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap, täze multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen çagalar baglarynyň , dürli derejedäki mekdepleriň, ýokary okuw jaýlarynyň gurulmagy giň gerim bilen dowam edýär. Her bir halkyň bilim-terbiýe we ylym-hünär derejesi şol halkyň bagtyýar geljeginiň kepilidir. Ýaş nesliň bilimli, terbiýeli, ylymdan, hünärden ýüki ýetik, watansöýüji, ruhubelent, lebzi halal, ahlak taýdan arassa, syýasy taýdan düşünjeli bolup ýetişmekleri şol milletiň ýagty geljeginiň altyn basgançaklarydyr. 

 

Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýokary ruhubelentlik bilen bellenilip geçilýän Nowruz baýramy dünýä döwletleriniň birnäçesinde geçirilip ol baharyň, tebigatyň oýanmagynyň nyşanydyr. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda biziň çagalar bagymyzda ýetip gelýän Milli bahar baýramyna bagyşlanyp “Nowruz geldi ilime” atly baýramçylyk çäresi geçirildi. Baýramçylyk çäresiniň barşynda ýaş körpejeleriň taýýarlan çykyşlaryna we sergilerine tomaşa edildi. Nowruzyň esasy tagamy bolan semeniniň taýýarlanylyşyny sahnalaşdyran körpejeler dabarada has-da ýatda galyjy duýgulary oýandyrdy. Dabarada gurnalan sergide bolsa baharyň buşlukçysy güller, gül çemenleri, milli tagamlar we çagalaryň el işleri görkezildi. Çäräniň barşynda körpejeleriň taýýarlan çykyşlaryny, sergilerini syn edip çagalaryň dünýäsiniň örän täsindigine ýene-de bir gezek göz ýetirýärsiň. 

 

Dabaranyň ahyrynda bolsa Milli bahar baýramy mynasybetli geçirilen bu çärä gatnaşyjylar Ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň asuda, parahat, eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýtdylar.

                                                                                

Rozbike HOJAÝEWA,

Darganata etrabyndaky 4-nji “Bägül” 
çagalar bagynyň müdiriniň 
wezipesini ýerine ýetiriji.