logo

Latest news:
✦ Seulda ilkinji «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» sammiti geçirildi ✦ ✦ “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegi “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine tabşyryldy ✦ ✦ Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň gymmaty ✦ ✦ Garaşsyzlyk — Watanymyzyň ganaty ✦ ✦ Geňeşli il — döwletli il ✦ ✦ Garaşsyzlyk bahasyz gymmatlyk ✦ ✦ Ýokary derejedäki halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦
Home / Culture /Bagşy Döwletgeldi Ökdirow
  30.03.2026
372
Bagşy Döwletgeldi Ökdirow

Beýik Liderimiz Gahryman Arkadagymyz aýdym-saz sungaty barada şeýle ajaýyp sözleri belläp geçýär: “Halk sazy adamyň kalbyna aýratyn oňaýly täsirini ýetirýär. Asyrlaryň dowamynda türkmen halky köp sanly aýdymlary döretdi. Olar biziň iň ýakyn dostlarymyz, kömekçilerimiz, durmuşymyzyň wepaly hemralarydyr. Her bir türkmeniň kalbynda aýdym aýtmaga, saz gurallaryny çalmaga bolan söýgi ýatandyr, ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda sazy söýüpdirler, oňa uly hormat goýupdyrlar”.

Halkymyzyň içinde öz ýaşan ömründe ençeme aýdym-sazlary döredip, şol ajaýyp eserleri ýokary ussatlykda ýerine ýetirmegi başaran, türkmen halkynyň söýgüsine, hormatyna mynasyp bolan bagşy-sazandalar az däldir. Türkmen bagşyçylyk sungatynda tanymal halypalaryň derjesine baryp ýetenleriň biri-de Döwletgeldi Ökdirowdyr.

Döwletgeldi halypa ençeme şahyrlaryň goşgularyna saz döredip,özi-de ýerine ýetirdi. Olardan Magtymguly Pyragynyň sözlerine “Gözellerden zyýada”, “Ne bela sen, adamzat!”, Mollanepesiň sözlerine “Guba gazym”, Keminäniň sözlerine “Garyp”, “Zülpüň” ýaly ölmez-ýitmez aýdymlaryny döretdi. Biziň döwrümiziň tanymal şahyrlarynyň goşgularyna-da ençeme aýdymlary döretdi. Olardan “Maral”, “Kanalym”, “Bibijan”, “Türkmenistan lälezar”, “Sumbaryň nary”, “Pyragyny gören daglar”, “Apat” ýaly aýdymlary döredip özi-de ýerine ýetirdi. Döwletgeldi halypanyň döreden aýdymlarynyň jemi 23 sany bolup, şolardan diňe 10 sanysy radiotelewideniýe arkaly halkymyza bellidir. Ol bary-ýogy 50 ýaşynda agyr kesele uçrap, aradan çykýar.

Görnükli edebiýatçy alym, bagşy, mukamçy kompozitor Döwletgeldi Ökdirowa milli saz sungatymyzy ösdürmekde bitiren aýratyn işleri we ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy üçin “Türkmenistanyň halk bagşysy” diýen at dakyldy.

 

Aýnur NURYÝEWA

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” fakultetiniň IV ýyl talyby.