logo

Soňky täzelikler:
✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Ýerewan şäherinde biologik köpdürlüligi goramak boýunça halkara başlangyçlary öňe sürdi ✦ ✦ Bilim almagyň ilkinji mekdebi maşgaladan başlanýar ✦ ✦ Ýurdumyzda talyplaryň Uniwersiadasy we mekdep Spartakiadalary geçirilýär ✦ ✦ Garaşsyzlyk - her bir halkyň durmuşynda iň beýik gymmatlykdyr ✦ ✦ Türkmenistan — GDA: netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesi ✦ ✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦
Baş sahypa / Syýasat /BAE-niň Prezidenti Türkmenistana hurma sowgat iberdi
  15.03.2024
892
BAE-niň Prezidenti Türkmenistana hurma sowgat iberdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan mukaddes Oraza aýy mynasybetli Remezan aýynyň mübärek miwesini Türkmenistanyň Prezidentine sowgat hökmünde iberdi.

 

Döwlet Baştutanynyň görkezmesine laýyklykda, iberilen sowgatlyk hurmalar Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan çagalara, şeýle hem «Döwletliler köşgüniň» okuwçylaryna sowgat edildi.

 

Ýeri gelende belläp geçsek, hurma köp sanly minerallary (mis, demir, magniý, sink, marganes, kaliý, kalsiý, ftor), witaminleri (A, C, B1, B2, B6), antioksidantlary we süýümi özünde jemleýär.

 

B topara degişli witaminler nerw dartgynlylygyny we depressiýany aýryp, merkezi nerw ulgamyna peýdaly täsir edýär. Hurmadaky minerallar ýürek-damar ulgamynyň işleýşini gowulandyrýar. Antioksidantlar düwnük töwekgelçiligini azaldýar we süýüm iýmit siňdirişini kadalaşdyrýar, şeýle hem madda çalşygyny kadalaşdyrýar.

 

Azymberdi ATAÝEW,

Döwetmämmet Azady adyndaky
Türkmen
milli dünýä dilleri
institutynyň
talyby.