logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Society /Babadaýhan dokma toplumynda “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik geçirildi
  26.08.2023
850
Babadaýhan dokma toplumynda “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik geçirildi

Babadaýhan dokma toplumynda “Belent maksatly ösüşler” ady bilen “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işiniň jemgyýetçilik ähmiýetine bagyşlanan söhbetdeşlik welaýat häkimliginiň meýilnamasy esasynda guraldy.

 


    “Tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlige dürli ulgamlarda, şol sanda jemgyýetçilik guramalarynda zähmet çekýän ildeşlerimiz gatnaşyp, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda 18-nji iýulda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinden gelip çykýan wezipeler dogrusynda gürrüň etdiler. Oňa gatnaşanlar şol taryhy mejlisde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular Geňeşini döretmek, 24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini çagyrmak we ony guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly kabul edilen çözgütleriň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdiler. Olar döwlet ähmiýetli meseleleri çözmekde, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmäge hem-de döwletimiziň has-da gülläp ösmegine ýardam bermekde Halk Maslahatynyň ornunyň uludygyny aýratyn nygtap geçdiler.

 


    Ýurdumyzyň baş baýramyna gabatlanyp, ak mermerli paýtagtymyzda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýeti hakda aýdylanlar hem uly täsirleri döretdi. Çykyş edenler Watanymyzy ösüş-özgertmeleriň ak ýolundan barha öňe alyp barýan, halkymyzy bolelin durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň döwletli tutumlarynyň has-da rowaçlanmagyny arzuw etdiler.