logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Gyzykly /«Azatlyk heýkeli» barada geň galdyryjy maglumatlar
  01.11.2022
2918
«Azatlyk heýkeli» barada geň galdyryjy maglumatlar

Amerika diýlende, ilki bilen «Azatlyk heýkeli» göz öňüňe gelýär. «Azatlyk heýkeli» - dünýäniň iň meşhur heýkelleriniň biridir. Onda köp sanly gurluşyk we binagärlik taýdan gyzykly maglumatlar ýatyr. Geliň, olar baradaky gyzykly maglumatlary öwreneliň! 

«Azatlyk heýkeli»-niň resmi ady «Dünýäni ýagtylandyrýan azatlyk» diýlip atlandyrylýar. Ol ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherindäki «Liberty» adasynda ýerleşýän we 1886-njy ýyldan bäri Amerikanyň nyşany bolup durýan ägirt uly heýkel we syn ediş diňidir. Ol dünýäde tanalýan ýadygärlikleriň biridir. «Azatlyk heýkeli» misden ýasalyp, ol ABŞ-nyň esaslandyrylmagynyň 100 ýyllygy mynasybetli, Fransiýa tarapyndan ABŞ-a sowgat berildi.

Heýkel jemi 350 bölekden ybarat bolup, 4 aýyň içinde dikeldildi. Heýkeldäki zenan Rimiň erkinlik hudaýy «Libertas»-dyr. Onuň sag elinde alawly taýak, çep elinde bolsa kitaplar bar. Heýkeldäki zenanyň başynda täç bar. Täjiň 7 sany ujy bolsa 7 yklymy we 7 deňzi alamatlandyrýar.

«Azatlyk heýkeli» 1984-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girdi. Onuň has kiçi nusgalary Parižde, Osakada, Pristinada, Pekinde, Newada-da, Günorta Dakotada ýerleşýär. 

 

Gurban BEGALYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.