logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Society /Aýlaryň soltany
  14.03.2024
672
Aýlaryň soltany

Musulman ymmatynyň ýylyň dowamynda garaşýan aýy — Oraza aýy hem ýetip geldi. Oňa: «Aýlaryň soltany» diýilýär. Sebäbi agyz beklenilýän bu aýda Allatagala bendelerine rehmetini köpeldýär we rysgallaryna bereket eçilýär. Oraza aýynda agyz beklemek yslam dininiň bäş parzynyň biridir. Bu barada Pygamberimiz Muhammet aleýhissalam hadyslarynyň birinde: «Kim ynanyp, sogabyny Allatagaladan tama edip, remezan orazasyny tutsa, öňki günäleri bagyşlanar» diýýär. Şonuň üçin hem bu aýda Hezreti Muhammet Pygamberimiziň parzlaryny berjaý edýän musulman ymmatlar daň atmazdan öň agyz bekläp, tä agşam gün ýaşýança iýmekden, içmekden saklanýarlar.

 

Remezan aýynda musulman parzyny ýerine ýetiren adam beden we ruhy taýdan beýgelýär. Oraza tutmagyň ähmiýeti adama diňe açlyga, suwsuzlyga çydamak, sabyrlylyk ýaly endikleri özünde terbiýelemäge kömek edýändigi bilen çäklenmeýär. Agyz beklän ynsanyň beden saglygy hem berkeýär. Şonuň üçin hem Pygamberimiz Muhammet aleýhissalamyň hadyslarynda şeýle diýilýär: «Oraza tutuň, bedeniňiz berk we sagdyn bolsun!», «Her bir zadyň zekaty bardyr. Bedeniň zekaty orazadyr». Orazada bütin bir aýyň dowamynda ýalan sözlemekden, gybatdan, paýyş sözleri aýtmakdan, gözüňi haram zatlara dikmekden, gulagyňy erbet sözleri eşitmekden goramagyň zerurlygy hem ündelýär.

 

Oraza aýynda öýlerde agzaçar edilip, oňa agzyny beklän adamlaryň çagyrylmagy, köpçülik bolup ýagşy doga-dilegleriň edilmegi jemgyýetde agzybirligi, jebisligi has-da berkitmäge ýardam edýär. Oraza adamyň ruhy we maddy taýdan kämilleşmegine alyp barýan ýoldur. Ol dilegleriň kabul bolýan aýydyr.

 

Goý, Oraza aýynda ediljek tagat-ybadatlar, okaljak doga-dilegler, aýat-töwirler, tarawa namazlary Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun!

 

Gadam BAÝEKOW,

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 
33-nji orta mekdebiniň 
bedenterbiýe mugallymy.