logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Society /Aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi
  16.05.2023
693
Aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda, ýakynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli  Tejen etrabynyň, Tejen şäher medeniýet öýünde,   Tejen etrap häkimliginiň, etrap medeniýet bölüminiň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda  «Kanunym hem baýdagym-baky abadanlygym» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän  raýatlar   gatnaşdylar. Etrabyň medeniýet bölüminiň aýdymçylarynyň Garaşsyz, Bitarap watanymyzy wasp edýän aýdymlary, çagalar sungat mekdebiniň tans toparlarynyň görkezen tanslary, sazandalaryň şirinden-şirin ajaýyp sazlary, sahna wäşileriniň şadyýan çykyşlary  baýramçylyk dabarasyna aýratyn öwüşgin çaýdy.

Dabara  gatnaşyjylar dabaranyň ahyrynda Milli Liderimiziň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň  Watanymyzyň ýokary depginler bilen ösmegi, abraý mertebesiniň belende galmagy ugrunda nusgalyk işleriniň mundan beýläkde rowaç almagyny arzuw etdiler.

 

Aýsoltan ÖWEZOWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap
birleşmesiniň işgäri.