logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Society /Awazada okuw maslahaty we sport çäreleri geçirildi
  30.11.2023
629
Awazada okuw maslahaty we sport çäreleri geçirildi

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň gurnamagynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynaky “Daýanç” sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Rowaçlyga beslenýän oňyn özgertmeler” atly okuw maslahaty dowam edýär. Geçirilýän okuw maslahatynyň iş meýilnamasyna laýyklykda Gojaman Hazaryň kenarynda, janyňa şypa berýän arassa tämiz howanyň astynda sportuň dürli görnüşleri boýunça okuw maslahatyna gatnaşýanlaryň arasynda toparlaýyn sport ýaryşlary geçirildi. Bu ýerde aýratynam sportuň futbol, wolleýbol, şaşka, düzzüm, küşt, stoluň üstünde oýnalýan tennis we beýleki görnüşleri boýunça bäsleşdiler. Geçirilen ýaryşlar çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Okuw maslahatyna gatnaşýanlar bu ýerde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp öz saglyklaryny has-da berkidýärler. Raýatlaryň saglygy, abadançylygy baradaky aladany hemme zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyşlarymyz diýseň çäksizdir.

 

Şeýle ajaýyp ýerlerde dynç alyp saglyklarymyzy berkitmek üçin örän uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak tutýan tutumly işleri mundan beýläkde rowaç alsyn.

 

 

Akmuhammet Magtymgulyýew,
Türkmenistanyň Kärdeşler
arkalaşyklarynyň
Kaka etra
p birleşmesiniň esasy hünärmeni.