logo

Soňky täzelikler:
✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Ýerewan şäherinde biologik köpdürlüligi goramak boýunça halkara başlangyçlary öňe sürdi ✦ ✦ Bilim almagyň ilkinji mekdebi maşgaladan başlanýar ✦ ✦ Ýurdumyzda talyplaryň Uniwersiadasy we mekdep Spartakiadalary geçirilýär ✦ ✦ Garaşsyzlyk - her bir halkyň durmuşynda iň beýik gymmatlykdyr ✦ ✦ Türkmenistan — GDA: netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesi ✦ ✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦
Baş sahypa / Syýasat /Awazada geçiriljek LLDC3 forumyna 30-dan gowrak döwlet Baştutany gatnaşar
  16.07.2025
871
Awazada geçiriljek LLDC3 forumyna 30-dan gowrak döwlet Baştutany gatnaşar

2025-nji ýylyň 4–8-nji awgusty aralygynda Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji halkara maslahaty geçiriler. Foruma 32 döwletiň, şeýle hem BMG-niň beýleki gyzyklanma bildirýän agza ýurtlarynyň döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň, şeýle-de BMG-niň Baş sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada 13-nji iýulda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda geçirilen taýýarlyk ýygnagynda habar berildi.

 

Maslahata halkara we sebit guramalaryndan, parlamentlerden, maliýe edaralaryndan, jemgyýetçilik guramalaryndan hem-de hususy sektordan wekiller gatnaşar.

 

Çäräniň iş meýilnamasyna açylyş we ýapylyş dabaralary, umumy mejlisler, bäş sany ýokary derejeli tematik “tegelek stol” duşuşygy, şeýle-de dürli ugurlar boýunça ýedi forum girýär. Olaryň arasynda Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygy, parlament, ýaşlar, zenan ýolbaşçylar, hususy pudak we raýat jemgyýeti forumlary, şeýle hem ulag-aragatnaşyk boýunça çäreler bar.

 

Forumyň çäklerinde tematik sergiler, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeni günleri, konsertler we Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan resmi kabul ediş dabarasy geçiriler. Şeýle-de taýýarlyk çäreleri – gurluşyk, ulag-logistika, ýerleşiş, iýmit, lukmançylyk we bezeg bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem meýletinçileriň lybaslary we ýolagçy awtobuslarynyň bezegi bilen tanyşlyk boldy.

 

Aýperi AKMYRADOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.