logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Politics /Awazada Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar boýunça halkara maslahat geçiriler
  03.07.2025
1274
Awazada Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar boýunça halkara maslahat geçiriler

2025-nji ýylyň 5–8-nji awgusty aralygynda Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň karary esasynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahat geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berdi.

 

Habarda aýdylmagyna görä, bu foruma BMG-niň agza döwletlerinden, halkara maliýe guramalaryndan we sebit birleşiklerinden ýokary derejeli wekiller gatnaşar. Şeýle-de halkara bilermenleriň, alym-bilermenleriň we işewür toparlaryň gatnaşmagynda tematik maslahatlaryň, tegelek stollaryň hem-de ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegine garaşylýar.

 

Maslahatyň baş maksady deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysady mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, ulag-logistika infrastrukturasyny kämilleşdirmek, halkara we sebitara söwda gatnaşyklaryny giňeltmek hem-de bu ýurtlaryň dünýä ykdysady ulgamyna has doly goşulyşmagyna ýardam bermekden ybaratdyr.

 

Şeýle hem forumyň dowamynda ulag geçelgeleri, serhetara söwda, energiýa üpjünçiligi, azyk howpsuzlygy, sanly ykdysadyýet we howanyň üýtgemegi ýaly möhüm meseleleriň giň gerimde ara alnyp maslahatlaşyljakdygy bellenilýär.

 

Bu halkara çäräniň geçirilmegi Türkmenistanyň diňe bir sebitleýin hyzmatdaşlygyň däl, eýsem dünýä derejesindäki möhüm meseleleriň çözgüdine hem işjeň gatnaşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

 

Ýazbibi AKYMOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
mugallymy.