Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda zenanlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek” atly halkara maslahat öz işine başlady ✦ ✦ Parahatçylyk we ynanyşmak Bitaraplygymyzyň aýdyň ýoly ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň täze kitaby neşir edildi ✦ ✦ Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 230-dan gowrak raýatyň günäsi geçildi ✦ ✦ Amarant ösümligi we onuň peýdasy ✦ ✦ “Bitaraplyk – parahatçylyk mukamy” atly dabaraly konsert geçirildi ✦ ✦ Ýokary tizlikli internet infrastrukturasynyň ösdürilmegi we telekommunikasiýa ulgamynyň netijeliligi ✦ ✦ Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 11–13 dekabr günleri dynç günleri diýip yglan edildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda zenanlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi
  11.12.2025
18
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda zenanlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

Häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde duran iň wajyp meseleleriň biri — zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny pugtalandyrmakdyr. Çünki döwletiň, jemgyýetiň we ykdysadyýetiň ýokary ösüşi diňe tehnologik öňegidişliklere däl, eýsem jemgyýetiň ähli agzalarynyň deň mümkinçiliklere eýe bolmagy bilen berk baglanşyklydyr.


Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan öňe sürülýän «Zenan, parahatçylyk we howpsuzlyk» ýörelgesi häzirki global ösüşiň möhüm ugrudyr. BMG-niň degişli barlaglary hem bir hakykaty tassyklaýar: zenanlaryň jemgyýetçilik dolandyryşynda, döwlet derejesindäki çözgütlerde we parahatçylyk ýörelgesinde işjeň gatnaşmagy ösüşi çaltlandyrýar, ynanyşmagy güýçlendirýär we jemgyýetde adalatly gurşawy döredýär.


Bu global ugurlar bilen utgaşyklylykda, Türkmenistanyň saýlap alan Bitaraplyk ýoly hem aýratyn ähmiýete eýedir. Bitaraplyk — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we dialogyň ýoludyr. Hut şu ýörelgeler hem zenanlaryň mümkinçilikleriniň giňelmegi üçin sazlaşykly jemgyýetçilik şertlerini emele getirýär.


Ýurdumyzda gender deňligini berkitmek, zenanlaryň döwlet dolandyryşy, ykdysadyýet, döredijilik, diplomatiýa we jemgyýetçilik işlerinde gatnaşygyny giňeltmek boýunça maksatlaýyn ädimler durmuşa geçirilýär. Şeýle tagallalaryň netijesinde halkara guramalar tarapyndan Türkmenistanyň bu ugurdan edýän işlerine ýokary baha berilýär.


Merkezi Aziýa ýurtlarynda hem zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny güýçlendirmek boýunça sebit derejesinde oňyn hyzmatdaşlyk dowam edýär. Hut şu gatnaşyklaryň nobatdaky möhüm tapgyry hökmünde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek” atly halkara maslahat aýratyn ähmiýetli boldy. Bu forum diňe pikir alyşylýan meýdança däl-de, sebitiň parahatçylygyna, durnukly ösüşine, gender deňligine we sebitleýin strategik ugurlaryň kemala gelmegine täsir edýän giňişlik hökmünde çykyş etdi.


Maslahatyň çäklerinde ýörite sergi hem guraldy. Sergide ýerleşdirilen pawilionlar arkaly türkmen zenanlarynyň dürli ugurlarda—milli senetçilikde, bilimde, saglygy goraýyşda, önümçilikde, jemgyýetçilik işlerinde hem-de döredijilikde çekýän zähmeti çeper we täsirli görnüşde şöhlelendirildi. Bu sergi diňe bir gözellik hökmünde däl, eýsem zenanlaryň ýurdumyzyň ösüşine goşýan goşandynyň milli nusgasy hökmünde görkezilmegi bilen hem aýratyn ähmiýete eýe boldy.


Durnukly ösüşiň berk binýady — jemgyýetiň her bir agzasynyň, şol sanda zenanlaryň, deň mümkinçiliklere mynasyp bolmagydyr. Şonuň üçin hem halkara derejeli şeýle duşuşyklar diňe hyzmatdaşlygy maslahatlaşmak bilen çäklenmän, täze başlangyçlaryň, öňegidişlikleriň we geljek nesiller üçin döredilýän mümkinçilikleriň ýolunda möhüm basgançak bolup çykyş edýär.

Humaý Hallyýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň II ýyl talyby.