logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Society /Awaza dynç almaga gelýän raýatlaryň sany barha artýar!
  22.06.2023
796
Awaza dynç almaga gelýän raýatlaryň sany barha artýar!

Dünýä jahankeşdeliginiň merjenine öwrülen «Awaza» milli syýahatçylyk syýahatçylyk zolagyna häzirki wagtda dynç almaga gelýän raýatlaryň sany barha artýar. Olar dynç alyş we sagaldyş binalarynda, kottejler toplumlarynda, seýilgählerde, aýdym-saz merkezlerinde, sport desgalarynda, deňiz kenarynda we beýleki ýerlerde ýokary hil ülňülerine kybap döredilen ähli amatlyklardan peýdalanyp, bu meşhur zolagyň taýsyz täsinliklerinden, gözelliklerinden ruhy lezzet alýarlar.

Bu ýere dynç almaga gelýän çagalaryň arasynda guralýan zehin we döredijilik bäsleşikleriniň, şol sanda medeni-sport çäreleriň, şadyýan oýunlaryň, gezelençleriň şowhuny bu gün ajaýyp zolagyň çar künjegini gurşap alýar. Şunuň ýaly gyzykly, täsirli çäreler ýurdumyzyň sebitlerine degişli bolan Awazadaky «Ahal», «Balkan», «Daşoguz», «Lebap», «Mary» sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde-de giň gerime eýe bolýar.

Şeýle dabaralar Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň «Daýanç» hem-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Arzuw» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde hem ýokary derejede ýaýbaňlandyrylýar. Şonuň ýaly-da dynç alýan dürli ýaşdaky raýatlar «Awaza» akwoparkynda, «Älemgoşar», «Jadyly kenar», «Deňiz merjeni» atraksionly seýilgählerinde baý mazmunly gyzykly gezelençlerde bolýarlar. Mawy deňziň kenaryny bezäp oturan owadan myhmanhanalaryň, sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň, kottejler toplumlarynyň, ýaht klublaryň... çägindäki suwa düşülýän howuzlar, aýdym-saz, dynç alyş ojaklary, Awazadaky owazlanyp asmana göterilýän Suw çüwdürimler toplumy we beýleki birgiden ajaýyp merkezler hem köpçüligiň arzyly ýerlerine öwrüldi.

Ýeri gelende aýtsak, Hazaryň giňişliklerinde, «Awaza» derýasynda dürli gämileriň, gaýyklaryň, katamaranlaryň hereketi aýdym-sazly çykyşlaryň şowhuny bilen utgaşyp, alyslara ýaň salýar. Dynç alşyň dowamynda welosipedli gezelenje çykyp, Awazanyň gözel ýerlerine seýran edýänleriň hatary hem barha artýar.