logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Sports /Atda aýak bolsa özge syn bolmaz...
  29.09.2023
1656
Atda aýak bolsa özge syn bolmaz...

Gahryman Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek barada köptaraplaýyn netijeli işler amala aşyrylýar. Sport ussatlarynyň hünär taýýarlyklaryny ýokarlandyrmak, at çapmagyň şöhratly milli ýörelgelerini aýawly saklamak we olary mynasyp dowam etdirmek üçin zerur tagallalar edilýär.

 

 

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylymyzyň sahawatly güýz paslynda, has takygy 28-nji sentýabrda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 32 ýyllyk toýy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyryldy.

 

 

Bu ýerde dünýä meşhur ahalteke bedewlerine bagyşlanyp guralan sergi diňe bir halkymyza däl, eýsem daşary ýurtly myhmanlara hem baýramçylyk şatlygyny paýlady. 

 

 

Jemi 7 aýlawdan ybarat bolan baýramçylyk at çapyşyk dabarasynda ahalteke bedewleri özleriniň ýyndamlyklaryny, güýç-kuwwatyny, çydamlylygyny hem-de taýsyz gözelliklerini ýene-de bir gezek ykrar etdirdiler.

 

 

Bu dabaralar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk toýy bilen utgaşyp, gözel Köpetdagyň eteginde hakyky türkmen toýuna mahsus baýramçylyk ýagdaýyny emele getirdi.

 

 

Ýurdumyzy bedew bady bilen öňe alyp barýan, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny, atçylygy, sporty ösdürmekde uly aladalar edýän Mähriban Arkadagymyzyň, Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Ogulşat SAPAROWA,
Türkmen oba hojalyk
institutynyň V
ýyl talyby.