Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanda CIET-2025 forumy geçiriler ✦ ✦ Ženewada bitaraplyk meselelerine bagyşlanan halkara forum geçirildi ✦ ✦ BMG-niň Baş Assambleýasy «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamany kabul etdi ✦ ✦ «Mahmyt Kaşgarlynyň Diwany lugat at-türk atly eserinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň orny» atly halkara ylmy maslahat geçirildi ✦ ✦ Daşkent şäherinde “Aşyk bolmuşam” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ Daşkentde “Magtymguly – dünýäniň akyldary we onuň pelsepesiniň häzirki döwürdäki ähmiýeti” atly maslahat geçirildi ✦ ✦ Himiýa boýunça halkara bäsleşikde türkmen talyplarynyň üstünligi ✦ ✦ Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I. Blinnikow adyndaky altyn medaly gowşuryldy ✦ ✦ Daşary ýurt dillerini öwretmekde innowasion tehnologiýalaryň orny ✦ ✦ Türkmenabatda täze himiýa toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň bagtyýarlygy ugrunda
  24.05.2023
639
Ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň bagtyýarlygy ugrunda

Täze Galkynyşly eýýamda, döwletli döwranyň goýnunda ýurduň geljegi, nurana ertiri bolan ýaş nesle sazlaşykly bilim-terbiýe bermek hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygy guwandyryjy hakykat. Ýaş raýatlar üçin has amatly durmuş şertlerini üpjün etmekde, sagdyn durmuş gurşawyny döretmekde, durmuş goraglylygyny kepilliklendirmekde döwlet ähmiýetli işler ýola goýulýar. Çünki döwletiň kuwwaty onda çagalar, eneler hakynda aladanyň uly üns bilen gurşalmagyna bagly bolup durýar. Köp çagaly maşgalalara täze öýleriň berilmegi, olaryň täze iş orunlary bilen üpjün edilmegi hemmetaraplaýyn aladanyň ýüze çykmalarynyň biridir. Sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen we ösdürip ýetişdiren enelere her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen «Ene mähri» diýen hormatly at dakylýar. Bilim özgertmelerini amala aşyrmakda, ekologiýa, şeýle hem medeniýet babatda wezipeleri çözmekde, çagalaryň öwreniş we köp dürli dynç almagyny guramak baradaky wezipelerini çözmekde, bagtyýar çagalygy goramakda möhüm başlangyçlar bu günki gün kemal tapýar. Çünki ata ýurdumyz Türkmenistan -  bagtly çagalygyň mekanydyr. Ýurdumyzda onlarça sport desgalary, dynç alyş seýilgähleri, köpsanly çagalar sagaldyş merkezleri hereket edýär. Şeýle-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, Gökdere jülgesinde hem-de ýurdumyzyň ähli künjeklerinde iň häzirki zaman çagalar sagaldyş merkezleri çagalaryň döwrebap derejede wagtlaryny geçirmekligi üpjün edýär. Ýaş nesiller – ýurdumyzyň geljegi, nurana ertiri. Ýurdumyzyň bu ugurdaky syýasaty beden we ruhy taýdan ösen, sagdyn pikirli, ylymly-bilimli, zehinli, giň dünýägaraýyşly, ruhubelent ýaş nesilleri kemala getirmek üçin has oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň kämil derejede okamaklygy, sport bilen meşgullanmaklygy we döredijilikli zähmet çekmekligi, dynç almagy ugrunda netijeli işleri alyp barýan Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, döwlet ähmiýetli beýik işleri rowaçlyga beslensin! 

 

Gülnabat MOTAÝEWA,

Daşoguz şäheriniň 2-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.