logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Politics /Ata Watanymyz özgertmeler ýoly bilen öňe barýar
  21.01.2023
1024
Ata Watanymyz özgertmeler ýoly bilen öňe barýar

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhy wakalary, beýik ösüşleri ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwatynyň möhüm görkezijisi bolup, ol Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan işleriň, halkymyzyň abadan durmuşynyň, diýarymyzyň gülläp ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň beýanydyr. Ýurdumyzyň dünýä bileleşigine işjeň goşulyşmagy, häzirki zaman halkara ölçeglere laýyk gelýän desgalaryň gurulmagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Alnyp barylýan bilim özgertmeleriniň çäklerinde berilýän bilimiň hiliniň döwrüň talaplaryna laýyk gelmegine uly üns berlip, häzirki zamanyň ösen tejribesi hem-de täzeçil usullary ornaşdyrylýar. Watanymyzyň, sebitiň we tutuş dünýäniň abadançylygynyň hem-de durnukly ösüşiniň bähbidine gönükdirilen möhüm taslamalaryň amala aşyrylmagy halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna uly täsir edýär. Şeýle-de azyk bolçulygyny ýola goýmak, oba hojalyk pudagynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, olaryň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreler görülýär, obasenagat toplumyna öňdebaryjy tehnologiýalary, suw tygşytlaýjy usullary giňden ornaşdyrylýar. Telekeçilik ulgamynda hem täze önümçilikleri döretmek, olaryň kuwwatlyklaryny artdyrmak hem-de hususy işewürligi höweslendirmek möhüm talapdyr. Bular bilen birlikde, ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryndaky meselelere hem aýratyn üns berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerini nazara almak bilen, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň işini döwrüň talabyna laýyk ýagdaýda alyp barmak, olaryň kuwwatlyklaryny artdyrmak, ýurdumyzyň senagat toplumynyň, energetika ulgamynyň, ýangyç-energetika toplumynyň düzümleriniň işiniň depginini ýokarlandyrmak şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini ösdürmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýär.

Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, gaýtadan dikeltmek hem-de peýdalanmak, syýahatçylyk pudagyny ösdürmek, biodürliligi gorap saklamak, daşky gurşawa aýawly çemeleşmek boýunça sebit hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň ugurlary kesgitlendi.

Umuman, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde, ýurdumyzy syýasy we durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça möhüm wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy ata Watanymyzy rowaçly ösüşlere besleýär.

 

Şabibi NURNAZAROWA,

Daşoguz şäheriniň 16-njy orta mekdebiniň mugallymy.