logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /“Ata Watan ösüşleriň ýolunda”
  14.09.2021
761
“Ata Watan ösüşleriň ýolunda”

Ähli ösüşleriň gözbaşynda duran Hormatly Prezidentimziň parasatly ýolbaşçylygynda bagtyýar halkymyz asuda, parahat durmuşyň gujagynda ýaşaýar. Rowaçlyga beslenen diýarymyzyň her bir güni toýly günlere, şanly senelere, ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlara beslenip gelýär. Bagtyýarlyk döwri türkmeniň döwletli ýurdyna döwlet eçildi. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri günsaýyn gowulaşýar. Maksatlar anyk, ýollar aýdyň bolanda her bir günimiz diňe ösüşlere beslenýär. Şeýle-de, 08.09.2021-nji ýyl senede bolsa Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde saglyk ulgamynyň işgärlerine niýetlenen, ähli amatlyklary bolan 2 sany 4 gatly (1 sany 4 gatly 24 öýli we 1 sany 4 gatly 32 öýli, jemi 56 öýli) iri panelli döwrebap ýaşaýyş jaýlary sowgat edildi. Raýatlarymyzyň jan-saglygy baradaky aladalar bilen ýaşaýan, zähmet çekýän saglyk ulgamynyň işgärleri Hormatly Prezidentimiz tarapyndan berlen bu sowgat üçin öz ýürek buýsançlaryny giňden beýan etdiler.

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygynyň öňisyrasynda täze jaýyň açaryny ellerine alan ak ýektaýly lukmanlarymyzyň begenç duýgulary has-da goşalandy. Saglyk ulgamynyň işgärleri üçin bimöçber aladalary edýan Hormatly Prezidentimize özleriniň çäksiz minnetdarlygyny bildirýärler.