logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Society /Asuda hem abadan, baky bahar — Aşgabat!
  19.05.2023
667
Asuda hem abadan, baky bahar — Aşgabat!

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ösüşleriň aýdyň ýoly bilen barha öňe ilerleýän ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan özgertmeler gözel paýtagtymyzyň keşbini has-da gözelleşdirip, dünýä derejesinde nusgalyk şäher hökmünde at-abraýyny belende galdyrýar. Owadandan owadan binalar, giň köçelerdir seýilgähler şäherimiziň görküne görk goşýar. Günsaýyn özgerýän şäherimiziň gül keşbi ýaşaýjylarynyň göwünlerini göterýär, olary belent işlere galkyndyrýar.

Her ýylyň 25-nji maýy Aşgabat şäheriniň güni diýlip yglan edilen döwründen bäri gözel paýtagtymyzda birnäçe ýylyň dowamynda şäher gurluşygy esasynda tapgyrma-tapgyr giň gerim bilen ençeme binalar gurlup, ulanylmaga berildi. Paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin gijäni gündize öwürýän yşykly-çyraly ýagty seýilgähler bilen bezelen Aşgabat şäheriniň köçeleridir şaýollary has-da gözel keşbe beslendi.

Ak mermerli ajaýyp binalary bilen Aziýanyň merjen şäheri hasaplanýan paýtagtymyz Aşgabadyň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndan orun almagy durmuşa geçirilýän işleriň aýdyň subutnamasydyr. Bu günki gün Aşgabat ýokary derejeli duşuşyklaryň, halkara maslahatlaryň, forumlaryň, sergileriň we festiwallaryň geçirilýän ýeri bolmak bilen birlikde iri halkara sport çäreleriniň, dünýä çempionatlarynyň, sport bäsleşikleriniň merkezi hökmünde hem dünýäde giňden tanalýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynda Aşgabat şäherini ösdürmek we özgertmek meselesine ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde garalýar. Ajaýyp şäherimiz bu günki gün söýginiň, dost-doganlygyň, agzybirligiň, abadançylygyň, parahatçylygyň, ak ýollaryň, ýagşy umytlaryň şäherine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň beýik işleriniň netijesinde paýtagtymyz Aşgabat ajaýyp binagärlik keşbine eýe boldy. 

 

Diýar ARAZMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.