logo

Soňky täzelikler:
✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Ýerewan şäherinde biologik köpdürlüligi goramak boýunça halkara başlangyçlary öňe sürdi ✦ ✦ Bilim almagyň ilkinji mekdebi maşgaladan başlanýar ✦ ✦ Ýurdumyzda talyplaryň Uniwersiadasy we mekdep Spartakiadalary geçirilýär ✦ ✦ Garaşsyzlyk - her bir halkyň durmuşynda iň beýik gymmatlykdyr ✦ ✦ Türkmenistan — GDA: netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesi ✦ ✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦
Baş sahypa / Syýasat /Aşgabatda täze suw arassalaýjy desga açyldy
  24.05.2024
633
Aşgabatda täze suw arassalaýjy desga açyldy

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda bir gije-gündizde 150 müň kub metr suw arassalaýan desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu desga ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatynyň çäklerinde gurlup, häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyryldy.


Türkmenistanda suw üpjünçiligi bilen baglanyşykly giň gerimli işler alnyp barylýar. Şol sanda 2024-nji ýylda dürli welaýatlarda kuwwaty 20-30 müň kub metr aralygynda bolan suw arassalaýjy desgalaryň açylmagy meýilleşdirilýär. Bu çäreler ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, saglygyny goramak we ekologik abadançylygy üpjün etmek maksady bilen amala aşyrylýar.


Täze desganyň gurluşygy Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Dost gurluşyk, söwda, önümçilik» hojalyk jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirildi. Döwlet Baştutany täze suw arassalaýjy desganyň halkyň saglygy üçin uly ähmiýete eýedigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň dowam etdiriljekdigini nygtady.