logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Politics /Aşgabatda täze 720 orunlyk umumybilim berýän mekdep gurlar
  14.09.2024
2245
Aşgabatda täze 720 orunlyk umumybilim berýän mekdep gurlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça işler dowam etdirilýär.


Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekip, Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň gurluşygyna rugsat berdi.


Taslama düzüji we ýerine ýetiriji: “Derýa gurluşyk” hususy kärhanasy.
Gurluşygyň başlanjak senesi: 2024-nji ýylyň sentýabr aýy.
Tamamlanjak senesi: 2026-njy ýylyň sentýabr aýy.
Ýanaşyk ýerleriň abadanlaşdyrylmagy: Mekdebiň töwereginde degişli infrastruktura hem dörediler.


Bu taslama “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” çäklerinde amala aşyrylýar. Şeýle hem paýtagtymyzyň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen durmuşa geçirilýär.


Täze mekdebiň gurulmagy paýtagtymyzda bilim ulgamynyň ösdürilmegine uly goşant goşar!