logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Society /«Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalyň täze sany çapdan çykdy
  09.04.2024
571
«Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalyň täze sany çapdan çykdy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda döredilen «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndaky üçünji sany çapdan çykdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

 

Neşiriň täze sanynyň başlangyç makalasy Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyna  bagyşlanypdyr. 16-njy martda geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasyna «Ekologiýa abadançylygy ― ählumumy ösüşiň girewi» atly makala bagyşlanypdyr. Şeýle hem iňlis dilinde «Türkmen zenanlaryna goýulýan sarpa» atly makala Halkara zenanlar gününe bagyşlanypdyr.

 

Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen bagly «Şanly ýylyň dabarasy dünýä dolýar» atly makala bu gadymy şäherde geçirilen halkara dabaralary ýene bir ýola ýatladar. 

 

Neşiriň ahyrky sahypalaryndan «Ýaş waspçy» atly döredijilik bäsleşiginiň täze ýeňijisi bilen hem tanşyp bilersiňiz.

 

Myratgeldi ORAZMYRADOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň
Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň
talyby.