Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Talyp ýaşlar sungatda öwrenen hünärini ylmy esasda açyp görkezýärler ✦ ✦ Uçurumlaryň taslama işlerinde döwrüň çeper beýany ✦ ✦ Ahal welaýatynda medeniýet hepdeligi geçirildi ✦ ✦ 4000-den gowrak adam Watanyna Türkmenistanyň üsti bilen dolandy ✦ ✦ Ýaşlar etnografiýa muzeýine gezelenç etdiler ✦ ✦ Meteorid daşy ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi ✦ ✦ Sanly ulgam - ösüşiň binýady ✦ ✦ Medeniýet hepdeligine badalga berildi ✦ ✦ Merkezi Aziýa ýurtlarynyň küştçüleri «Aşgabat 2025» halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş etdiler ✦ ✦ Galla - biziň baýlygymyz ✦
Baş sahypa / Syýasat /Arkadag Serdarly Diýarda ýaşlar bagtyýar!
  03.01.2023
1302
Arkadag Serdarly Diýarda ýaşlar bagtyýar!

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar halkymyzyň parahat hem abadan ýaşaýşy, ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda netijeli işler amala aşyrylyp, milli derejede öňegidişlik gazanýar. Eziz ýurdumyzda her ýyla döwrüň ruhuna kybap gelýän şygaryň berilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Bu asylly däp mizemez jebisligimizi dabaralandyryp, halkymyzyň millilik ýol-ýörelgesini belende göterýär. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň isleglerini göz öňünde tutup, Täze — 2023-nji ýyly «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip yglan etmek hakynda kabul eden karary halkymyzda, aýratyn hem biz ýaşlarda uly buýsanç hem guwanç duýgularyny oýardy. Häzirki wagtda ýaşlara döwletiň geljekki ösüşleriniň binýadyny goýjak, ýurduň «altyn gaznasy» hökmünde garalýar. Şu nukdaýnazardan hem, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ýaşlar baradaky döwlet syýasatyna degişlidir. Ata Watanymyzda ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap ylym-bilim almagynda, bilimlerini artdyrmagynda, ylmy-tehniki we döredijilik işlerine höweslenmeginde, barha kämilleşmeginde, sport bilen meşgullanmagynda hemmetaraplaýyn goldaw bermek boýunça çäreler möhüm ugurlaryň biridir. Arkadagly Serdarymyz ýaşlaryň ýokary ahlakly, watançylyk, päk ruhy-ahlak, ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepalylyk ruhunda terbiýelenilmegine möhüm ähmiýet berýär. Bu ugurda alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hem oňyn netijeleri we ähmiýetli işleri bilen tapawutlanýar. Ýaşlaryň jemgyýetdäki eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrmak, ýokary bilimli we hünär taýýarlykly nesli kemala getirmek wezipelerine uly üns berilýär we möhüm çözgütler kabul edilýär. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda ýaşlarymyz üçin hemmetaraplaýyn alada öz beýanyny tapýar. Zehinli ýaşlarymyzyň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän halkara bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolmaklary döwletimizde ýaş nesliň döwrebap bilim we ylym almaklary ugrunda amala aşyrylan toplumlaýyn işleriň aýdyň netijesidir. Dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzda üstünlikli geçirilýän halkara bäsleşikler hem ýaşlarymyzy täze üstünliklere ruhlandyryp, olaryň bilim babatdaky tejribesini has-da baýlaşdyrýar. Ýaşlaryň bagtyýarlygy we olaryň ýagty ertiri üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutumly işleri rowaçlyklara beslensin! 

 

Oguljan ÝUSUPOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.