Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda milli bilim ulgamy ösüşiň aýdyň ýolunda
  02.10.2023
519
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda milli bilim ulgamy ösüşiň aýdyň ýolunda

Mertebesi belent hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Arkadagymyzyň: «Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine, umumy ykrar edilen halkara kadalara we öňde baryjy tejribelere laýyk kämilleşdirmek, ýaş nesillerimizi milli hem-de umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek biziň alyp barýan bilim syýasatymyzyň baş maksadydyr.» – diýen parasatly taglymyndan ugur alnyp,  Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda hem, ýurdumyzyň bilim ulgamynda türkmen taryhynda henize çenli görlüp-eşidilmedik düýpli beýik özgertmeler, döwrebap galkynyşlar amala aşyryldy. 

 

 

Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň uçurymy bolan ýaşlar Arkadag Serdarly Bagtyýar ýaşlar ýylymyzda ilkinji gezek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  parasatly ýolbaşçylygynda 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine laýyklykda harby gulluga çagyryş möhletini wagtlaýyn yza süýşürdip, öz saýlan hünärleri boýunça döwletimiziň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyby bolmaga mümkinçilik aldylar.

 

 

Arkadag Serdarly Bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň täze okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 10-syna täze hünärleriň 35-si girizildi. Şol täze hünärleriň 21-si bakalawr, 8-si hünärmen, 6-sy magistr maksatnamalaryny öz içine alýar. Şeýle hem, şu okuw ýylynda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň XI — XII synplarynda hünär ugurly dersleriň 60 golaýy girizildi.

 

 

Arkadag Serdarly Bagtyýar ýaşlar ýylymyzda giňden dabaralandyrylan  Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdepleri, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebi, okuw-terbiýeçilik toplumy, iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen mekdepler we çagalar baglary, şeýle hem welaýatlarymyzda häzirki zamanyň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen çagalar baglarynyň hem-de orta mekdepleriň onlarçasy açylyp, ulanylmaga berildi. Şol gün bilimler dünýäsine ilkinji gadam basýan körpelerimize bolsa «Bilimli» atly kompýuterleri sowgat gowşuruldy.

 

 

Arkadag Serdarly Bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň 1-nji sentýabrynda tutuş dünýäniň bilim edaralaryny umumy maksadyň — parahatçylyk döredijilik we ynsanperwerlik gymmatlyklary ilerletmek, medeniýetleriň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek maksadynyň töwereginde jemleýän ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler toruna ýurdymyzyň orta mekdepleriniň birnäçesi –  Aşgabat şäherindäki Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ýanyndaky daşary ýurt dillerini, takyk, tebigy dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 140-njy orta mekdep, Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky 19-njy orta mekdep, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdep, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdep, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdep, Mary welaýatynyň Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebi girizildi.

 

 

Munuň özi halkymyzyň milli ýörelgeleriniň giňden dabaralanýandygynyň hem-de ýurdumyzyň bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysallarydyr.

 

Amansoltan ŞIRIÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we informatika institutynyň Diller
kafedrasynyň mugallymy.