logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Society /Arkadag şäheri - geljegiň şäheri
  28.11.2023
684
Arkadag şäheri - geljegiň şäheri

Belent başly, gojaman Köpetdagyň alkymynda bina bolan, dünýä nusgalyk Arkadag şäheri özüniň tebigy aýratynlyklary, jana şypaly howasy, özboluşly binagärlik görki bilen görenleri haýrana goýýar. Täze şäherde döwrüň esasy talaby bolan sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy, ekologiýa abadançylygynyň berk berjaý edilmegi öňde goýlan ilkinji wezipeleriň biri bolup durýar. Bu ýerde şäheriň bagtyýar ýaşaýjylary üçin ýokary amatlyklary özünde jemleýän durmuş şertleri üpjün edilen. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň nurana geljeginiň aýdyň subutnamasy bolan Arkadag şäheri ýaşlaryň şäheri hökmünde ykrar edilmegi öz maksadyna doly laýyk gelýär. Bu ýerde abadan raýatlarymyzyň okap bilim almagy, döredijilikli  zähmet çekmekleri, göwnejaý dynç almaklary, sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli zerur şertler döredilen. Arkadag şäheri bagtyň, bakylygyň, ýaşlygyň şäheri bolup dünýäň kartasyna ýyldyz kimin parlaýar.

 

 

Güneşli ülkämiziň görnükli ösüşleri bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýän Arkadag şäheriniň kämillige ýugrulan şähergurluşyk keşbi her bir ynsanda ýakymly täsirleri galdyrýar. “Akylly” şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp gurlan bu şäheriň desgalary hil babatda hem ýokary derejä eýedir.

 

 

Ak mermerli Aşgabady, Arkadag şäherini, parahat ýurdumyzy dünýä tanadan, halkymyza asuda, abadan durmuşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

 

Merjen TOÝLYMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň
MH toparynyň 4-nji ýyl talyby.