logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Society /Arkadag şäheri dünýä metbugatynda
  13.08.2023
703
Arkadag şäheri dünýä metbugatynda

Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 29-njy iýulynda ýurdumyzda Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy giňden bellenilip geçildi. “Akylly şäher” ady bilen tanalýan bu şäher durmuş ulgamyna öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa we “ýaşyl” tehnologiýalar ulgamlary bilen dünýädäki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde öz ornuny tapdy.

 

Ýagny, Türkmenistanyň döwlet habarlar agentliginiň habar bermegine görä, iri halkara habarlar agentlikleri we maglumat-seljeriş portallary Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy barada habar berdiler. «RIA Nowosti», «TASS», «MIR 24», «Tatar-inform», «Azertaj», «Trend», «Anadolu», «Kazakhstan Today» ýaly habarlar agentlikleri, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň, Eýranyň, Pakistanyň we beýleki ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, şol sanda GDA-nyň internet portaly, sng.today, centralasia.news, belta.by, vestikavkaza.ru web saýtlary ilkinjileriň hatarynda bu şanly wakany beýan etdiler.

 

Mundan başga-da Arkadag şäherinde 2023-2026-njy ýyllarda dowam etjek ikinji tapgyrynda guruljak desgalar barada Russiýanyň “RIA Nowosti” halkara habarlar agentligi habar berýär.

 

Şeýle hem belläp geçsek, dünýä metbugaty täze şähere güwänamalaryňdyr diplomlaryň 20-den gowragynyň gowşurylandygy barada habar berýär. Şolaryň hatarynda «Ýaşyl» we «akylly» şäher», «XXI asyryň şäheri», «Türki dünýäniň ilkinji «akylly» şäheri», seýsmiki kiçi etrapça gurluşygy hem-de seýsmiki howpsuzlygy üpjün etmek boýunça Arkadag şäheriniň çäginde geçirilen ylmy-barlag işleriniň hili barada şahadatnama, garaşsyz ylmy-tehniki derňewleriň netijesinde Durnukly ösüş maksatlaryna, ekologik gurluşyk boýunça halkara talaplara laýykdygyny tassyklaýan şahadatnama we beýlekiler bar.

Jumageldi AMANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
mugallymy.