logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Society /ARKADAG ŞÄHERI – DÖWRÜŇ DÖWREBAP ŞÄHERI
  27.12.2022
2015
ARKADAG ŞÄHERI – DÖWRÜŇ DÖWREBAP ŞÄHERI

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň tamamlanyp barýan «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda gazanylýan ösüşler buýsançly kalplary has-da ganatlandyrýar. Döwletimizde alnyp barylýan syýasatyň möhüm ugry halkymyzyň abadançylygy, Watanymyzyň berkararlygy bolmak bilen, bu beýik başlangyçlar täze taryhy eýýamda uly rowaçlyklara beslenýär.

Garaşsyz hem Bitarap ýurdumyzyň döwletlilik binýadynyň berkemegine, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň artmagyna, Watanymyzy bedew batly ösüşlere beslemäge gönükdirilen giň möçberli döwlet maksatnamalary bu gün üstünlikli durmuşa geçirilýär. Mähriban Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurluşygy amala aşyrylýan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi bu gün ýurdumyzyň şöhratly ýyl ýazgysyna täze sahypa bolup girýär. Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda gurluşygy dowam etdirilýän bu döwrebap şäheriň ajaýyp binagärlik keşbinde ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşleri, şöhraty dünýä dolan milli mirasymyz, milliligimiz, milli gymmatlyklarymyz, medeni däp-dessurlarymyz aýdyň beýanyny tapýar. Ýurdumyzyň  okgunly ösüşiniň täze tapgyrynda ata Watanymyzy özgerişlere beslemekde, binagärlik ulgamyny ýokary derejä çykarmakda, asuda hem abadan durmuşda ýaşamak üçin oňaýly şertler bilen doly üpjün edilen döwrebap obadyr-şäherleri gurmakda we olarda kämil tehnologiýalary giňden ornaşdyrmakda amala aşyrylýan işler mähriban raýatlarymyzy çäksiz buýsanja besleýär. Ahal welaýatynyň täze, döwrebap merkezine «Arkadag şäheri» adynyň dakylmagy Gahryman Arkadagymyzyň bitiren hyzmatlaryna beýik sarpadan, çäksiz buýsançdan nyşandyr.

Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik sungaty babatdaky ýiti zehini bilen Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde häzirki zaman talaplaryna laýyk enjamlaşdyrylan saglygy goraýyş, ylym-bilim, sport, medeniýet merkezleri we beýleki maksatly ençeme binalar gurlup ulanylmaga berilýär. Bu ýerde gurulýan binalardyr desgalaryň mynasyp at bilen atlandyrylmagy bolsa aýratyn bellärliklidir. Bu zatlaryň ählisi dana Pyragynyň arzuwlan beýik zamanasynyň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda kemal tapýandygyny äşgär edýär. Bu gün agzybir türkmen halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça öňde goýan wezipelerini çözmeklige, şeýle hem ýurdumyzda alnyp barylýan uly möçberli düýpli özgertmelerine mynasyp goşant goşmaklyk biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Şeýle asylly işleri alyp barýan Mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary bolsun! 

 

Döwletgeldi ÖWEZGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 
Halkara gatnaşyklary institutynyň 
1-nji ýyl talyby.