logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Arap ýarym adasyna gar we doly ýagdy
  28.12.2022
1091
Arap ýarym adasyna gar we doly ýagdy

Kuweýtiň paýtagtynda doly ýagdy. Paýtagtyň ýaşaýjylary bu  seýrek wakany ýazga aldylar we sosial media hasaplarynda paýlaşdylar. Kuweýt Meteorologiýa Merkezi ýaramaz howa şertleriniň bir günläp dowam etjekdigini aýtdy.

Kuweýtiň Içeri işler ministrliginiň beren beýanynda güýçli ýagyş sebäpli esasy ýollaryň köpüsiniň ulag üçin ýapykdygy mälim edilidi.

Şeýle hem Saud Arabystanynyň Tabuk sebitinde täsirli sowuk howa tolkuny sebäpli gar ýagdy. Ýurduň dürli künjeginden adamlar sebite ýygnandylar. Saud Arabystanynyň hökümeti Patyşalygyň dürli ýerlerinde ýaramaz howa şertleriniň bolmagynyň mümkinligini mälim etdi.