logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Dünýäde /“Apple”-iň möhüm adamy 25 ýyldan soň işden gidýär!
  07.03.2024
684
“Apple”-iň möhüm adamy 25 ýyldan soň işden gidýär!

“Apple”-iň uzak ýyllardan bäri dolandyryjylaryndan biri bolan, Dan Riccio tehnologiýa ägirtindäki karýerasynyň ahyryna golaýlaýar. Ol 25 ýyldan soň pensiýa çykmaga taýynlanýar. Dan Riccio kompaniýanyň “IMac”, “iPhone”, “MacBook” we “AirPods” ýaly önümleriň apparat inženerçiliginde işleýär. 

 

 

25 ýyldan gowrak wagt bäri “Apple”-iň dolandyryjysy bolup işläp gelýän Dan Riccio, “Apple” kompaniýasyna 1998-nji ýylda Önüm dizaýnynyň lideri bolup işe başlady we dürli ýyllarda dürli ýolbaşçy wezipelerde işledi.

 

 

“Apple” - Dan Riccio-nyň döwründe köp sanly enjamy işe girizdi. Esasy bellemeli zatlaryň biri hem Riccio “Apple”-iň akylly äýnegi bolan "Vision Pro"-nyň bazara çykmagyna möhüm goşant goşdy.

 

 

Dan Riccio barada durup geçsek, ol Massaçusets Amherst uniwersitetinde maşyn gurluşygy boýunça bakalawr derejesini aldy.  Şeýle hem, Massaçusets uniwersitetiniň lukmançylyk mekdebinden "Ynsanperwerlik doktory" derejesini aldy.

 

Ezizhan AHMEDOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.