logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Angora towşany
  17.09.2023
1896
Angora towşany

Angora towşany – saýlantgy towşan tohumlarynyň bir görnüşidir. Olary uzyn sütükleri sebäpli senagat we bezeg maksatlary üçin ösdürip ýetişdirýärler. Bu sütükden, “Angora ýüňi”  diýilýän – näzik, gaty ýumşak mata alynýar. Bezegler üçin hem şu tohumyň ýüňleri ulanylýar. Angora towşanlarynyň ýüňlerinden sütük öndürmek boýunça dünýade öňdebaryjy ýurt Hytaý hasaplanylýar. Olar her ýylda 8 müň tonna çenli sütük öndürýärler. Angora towşanynyň ömri 7-10 ýyla barabardyr. Olaryň ýüňlerini doglandan 7 aý geçensoň soň ulanmak amatlydyr. 

 

Angora toşany towşanlaryň iň gadymy tohum toparlaryndan biridir. Olaryň köpelmegi Türkiýede başlandy we bu haýwanlara  Türkiýäniň paýtagty Ankara (ozalky Angora) towşany diýlip at berildi. Ýewropada bu haýwanlar XVIII asyryň ortalarynda Fransiýada peýda bolup, tiz meşhurluk gazandy we XIX asyryň başlarynda Angora towşanlary tutuş kontinentde diýen ýaly ýaýrady. Ilkibaşda Ýewropada bu towşanlar öý haýwanlarynyň arasynda meşhurlyk gazandy we olaryň görnüşleri  köpeldilip başlandy. 

 

Tohumyna baglylykda Angora towşanlarynyň agramy 2 - 6 kilograma çenli bolup biler. Bu towşanlara ideg etmek, beýleki towşanlara seredende  has kyndyr. Olaryň ýüňleri hepdede azyndan iki gezek daralmagy talap edýär. Angora towşanynyň tüýleriniň uzynlygy 12-25 sm aralygyndadyr. Bu towşanlar örän işjeň, oýunçy we jemgyýetçidir. Şonuň üçin hem ony Ýewropa ýurtlarynda adamlar köp eldekleşdiripdirler.

Serdar HAÝTYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň
Agronomçylyk hünäriniň V ýyl talyby
.