logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / In the world /Angliýada uçýan taksiler durmuşa geçirilýär
  22.03.2024
708
Angliýada uçýan taksiler durmuşa geçirilýär

Iňlis hökümeti 2028-nji ýyla çenli uçýan taksileri durmuşa ornaşdyrmak boýunça meýilnamasyny yglan etdi. Şeýle hem uçýan taksileriň 2030-njy ýyla çenli adamsyz ýagdaýa geçjekdigi habar berildi. Uçýan taksileriň kömegi bilen syýahatlaryň awtoulaglardan üç esse çalt boljakdygy we uçýan taksileriň arzan, ekologiýa taýdan arassa we asuda boljakdygy bellendi. 

 

Iňlis hökümeti geljekde jenaýatçylyga garşy göreşmek üçin ýokary tehnologiýaly adamsyz howa ulaglaryny ulanmagy meýilleşdirýär. Uçýan taksiler we adamsyz uçarlar ýakyn wagtda uçarlar we dikuçarlar bilen bilelikde işlemek ideýasynyň “häzirki wagtda has güýçli we ýeňil” batareýa tehnologiýasynyň düýpli ösüşi bilen baglanyşyklydygy aýdylýar. 

 

Häzirki wagtda birnäçe ýurtda dürli kompaniýalaryň uçýan taksileri dik uçmaga we gonmaga ukyply elektrikli awtoulaglary bar, emma häzirki wagtda kompaniýalaryň olary dolandyrmak üçin ygtyýarnamasy ýok. 

 

"Upper Aerospace" tarapyndan işlenip düzülen "VX4" sagatda 240 kilometre ýetip bilýär. “Daily Mail” geçen ýyl Günbatar Midland polisiýa gullugyna degişli adamsyz uçarlaryň iki jenaýatçyny we başga bir şübheli adamy anyklap bilendigini we “geljekde ýerli polisiýa işgärleriniň ornuny tutjakdygyny” mälim edýär.

 

Bägül ANNAORAZOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.