logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Interesting /Amyderýa
  17.03.2024
1435
Amyderýa

Amyderýa bu diňe bir derýa bolman eýsem ol çylşyrymly bir derýa ulgamydyr. Ol häzirki wagtda 7 döwletiň çäginden akyp geçmek bilen döwletleriň esasy suw baýlygy hasaplanýar. Bu derýa şol bir wagtyň özünde Owganystan bilen Täjigistanyň, Türkmenistan bilen Özbegistanyň serhedi bolup hem çykyş edýär. Derýanyň umumy uzynlygy 2400 km bolup onuň ahyrky guýýan nokady Aral deňzi hasaplanýar. Merkezi Aziýanyň esasy suw çeşmesi hasaplanýan Amyderýa birnäçe maglumatlarda eýýäm XIII-XIV  asyrlarda Aral deňzine guýmasyny azaldyp başlapdyr. 

 

Bu derýa birnäçe döwürleriň dowamynda syýahatçylaryň, ýazyjylaryň üns merkezinde bolup gelipdir. Dürli döwürlerde Amyderýany dürli atlar bilen atlandyrypdyrlar. Ýagny Oksus, Waksu, Jeýhun, Sind ýaly atlary taryhda tutulyp geçilýän bu derýa häzirki Amy adyny, Amyderýa adyny Türkmenabat şäheriniň çäginde ýerleşen gadymy Amul şäherinden alan diýlip edebiýatlarda duş gelinýär.  

 

2018-nji ýylda Beýik Ýüpek ýolunyň çägindäki gadymy şäherlerde, gadymy galalarda arheologlar tarapyndan gazuw agtaryş işleri geçirilende, öwrenilende  Amul şäherini öwrenijiler birnäçe taryhy maglumatlary gaýtadan dikeltdiler. Amul şäheri öz döwründe Beýik ýüpek ýolunyň başlangyjy, kerwenleriň esasy ýöreýän merkezi hasaplanypdyr. 

                                                                          

Mergen ROZYKULOW,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.