logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Amerikada syýahatçylaryň ünsüni çekjek ýene bir bina gurular
  24.04.2024
677
Amerikada syýahatçylaryň ünsüni çekjek ýene bir bina gurular

ABŞ-nyň Oklahoma ştatynda beýikligi 581 metr (1906 fut) bolan syýahatçylaryň we işewürleriň ünsüni çekjek ýene bir täze bina gurular. Bu binanyň ady Legends Tower diýilip atlandyrylyp ol häzirki rekordy saklaýan Nýu-Ýorkdaky One World Trade Center-den 128 metr beýikdir.


 

Bu bina Hytaýyň Ping An Finance Center  binasyndan soň dünýä sanawynda 6-njy orny eýelär.Häzirki wagtda Oklahoma ştatynda takmynan, 700 000 adam ýaşaýar. Beýikligi asman bilen bäsleşjek bu bina üç sany kiçi diňi öz içine alar. Umuman alanyňda, dört binada 1776 ýaşaýyş jaýy, şeýle hem söwda dükanlary, güýmenje meýdançalary we myhmanhana bolar.


 

Onuň gurluşygyna 2024-nji ýylda başlamak meýilleşdirilýär. Taslamanyň bahasy 1,6 milliard dollar diýlip çaklanylýar.
 

Dawut Döwletgeldiýew,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçlyk fakultetiniň talyby