logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Amerika «Jadylar baýramyna» taýýarlyk görýär
  19.10.2022
2265
Amerika «Jadylar baýramyna» taýýarlyk görýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň raýatlary öz ýaşaýan öýlerini we howlularyny ýetip gelýän «Halloween» ýagny «Jadylar baýramyna» mynasybetli bezediler.

Adatça Günbatar döwletlerinde geçirilýän bu baýram erbet niýetli ruhlary kowmak we aradan çykanlary ýatlamak maksady bilen her ýylyň 31-nji oktýabrynda geçirilýär. «Halloween»-iň nyşany ýylgyrýan kädi bolup, ol ýylgyrýan ýüz görnüşinde oýulyp ýasalýar. Jynly has gorkunç ýüzi döretmek üçin bolsa kädiniň içinde şem ýakylýar.

Baýramçylyk döwründe çagalar däbe görä elhenç we gorkunç eşikler geýip, öýme-öý aýlanyp dürli süýjilikleri toplaýarlar.