logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Alymlar: «Ýaşaýan dünýämiz - klimat krizisiniň içinde!»
  31.10.2022
806
Alymlar: «Ýaşaýan dünýämiz - klimat krizisiniň içinde!»

Halkara gözleg guramasynyň beren täze hasabatynda, Ýeriň klimat krizisiniň içindeligi we ýaşamak üçin howanyň gitdigiçe ýaramazlaşýandygy beýan edilýär. Hasabat boýunça geçirilen derňew «Ýerdäki ýaşaýyş üçin oňaýly klimat, duýduryş – 2022» ady bilen geçirildi.

Alymlar planetadaky ýaşaýyş üçin oňaýly howanyň rekord derejä çenli ýaramazlaşandygyny mälim etdiler. Bu ýagdaýlaryň sebäbini bolsa alymlar aşa yssy howaly günleriň köp bolmagy, tokaýlardaky ýangynlar we beýlekiler bilen düşündirýärler.

Şeýle hem hünärmenler, «COVID-19» pandemiýasyndan soň, gazylyp alynýan energiýa sarp edilişiniň (gazylyp alynýan ýangyçlary azaltmak baradaky kararlara garamazdan) köpelýändigini, atmosferadaky kömürturşy gazynyň millionda 418-e çenli ýetendigini bellediler.

Geçirilen deňewe gatnaşan Oregon Döwlet Uniwersitetiniň professory William Ripple, 184 ýurtdan 15 müňden gowrak alym tarapyndan gol çekilen «Dünýä alymlarynyň adamzada duýduryşy» atly beýannamany ýatladyp, onuň adamzat durmuşy we tutuş planeta üçin örän ähmiýetlidigini belläp geçdi. William Ripple: «Ähli ýurtlar bilen tagallalary birleşdirmesek onda has erbet ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolarys. Beýleki alymlary howany we daşky gurşawy goramak, arassalamak şeýle-de gözlegleri geçirmek üçin bize goşulmaga çagyrýarys.» - diýip belläp geçdi. 

 

Faruh DUSNIÝAZOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby,
Kärdeşler arkalaşygy adyndaky atly talyp hakynyň eýesi.