logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Alymlar: «Uklan wagtymyz ýatlamalarymyza syýahat edýäris!»
  27.10.2022
1279
Alymlar: «Uklan wagtymyz ýatlamalarymyza syýahat edýäris!»

Northwestern uniwersitetiniň neýro-ylmy işgärleri we Çikago uniwersitetiniň epilepsiýa merkeziniň kliniki işgärleri merkezdäki bäş näsagyň beýnisindäki elektrik işjeňligini öwrendiler. Alymlar bu derňewi adamlaryň öwrenen zatlaryny ýatdan çykarman, nädip ýatda saklaýandyklaryny bilmek üçin geçirdiler.

Derňewe gatnaşanlara geçen günleri baradaky wideoýazgylary we suratlary kompýuter we akylly telefonlar arkaly ýatmazdan ozal görkezildi. Soňra derňewe gatnaşýanlaryň uky prosesi yzygiderli barlanyldy. Netijede, derňewe gatnaşanlaryň köpüsi ukyda wagty ýatmazdan ozal görkezilen wideoýazgylaryň  sesine meňzeş ses çykardylar. Sesler elektrofiziologiki taýdan ýazga alyndy.

Ukudan soň, derňewe gatnaşanlara ýazgy edilen sesler diňledildi. Olar bu sesleri gowy tanadylar. Alymlar netijede ýatlamalaryň gaýtadan işjeňleşmegini we güýçlenmegini görkezýändigine göz ýetirdiler.

Başgaça aýdylanda, gözlegiň netijesini alymlar şeýle düşündirdiler: 
- «Beýni uky wagtynda eşidilýän seslere gabat gelýän sesleri gaýtadan işledi. Bu işjeňleşdirmäniň kömegi bilen adamlar ýatlamak amalyny edip bilerler, sebäbi uky wagtynda ýat täzelenýär! Ýagny adam ukuda wagty ýatlamalaryna syýahat edýär.»

 

Ibragim IKRAMOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutunyň talyby.