logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / In the world /Alymlar elektron galyndylaryny baýlyga öwürmegiň usulyny tapdylar
  11.03.2024
704
Alymlar elektron galyndylaryny baýlyga öwürmegiň usulyny tapdylar

Alymlar elektroniki galyndylardan gaýtadan işlemegiň täsirli usulyny oýlap tapdylar we bu usul bilen sarp edilen her 1 dollar üçin 50 dollar möçberinde altyn alyp boljakdygyny aýdýarlar. Gözlegçiler, durnukly we täjirçilik taýdan amatlydygy öňe sürülýän usulda, elektron galyndylaryndan gymmat bahaly metallary dikeltmek üçin peýnir öndürmek prosesiniň önümi bolan belok sürteçleri ulandylar.

 

Geçirilen gözlegde alymlar 20 köne kompýuteriň elektroniki galyndylaryndan diňe 450 milligram 22 karat altyn bölegini tapdylar. Netijeler, çeşme materiallarynyň üpjünçilik çykdajylarynyň we tutuş proses üçin energiýa çykdajylarynyň öwezini dolup boljak altynyň bahasyndan 50 esse pesdigini görkezýär. Alymlar altyn almak üçin ýokary temperaturada süýtli beloklaryň tebigatyny üýtgetdiler, belok süýümini döretdiler we sürteç almak üçin bu süýümi guratdylar.

 

Gözlegçiler soňra 20 sany kompýuteriň elektroniki galyndylaryndan metal böleklerini aýyrdylar we kislota hammamynda eretdiler, soňra altyn ionlaryny çekmek üçin erginine belok süýümli sürteç goýdular. Beýleki metal ionlary hem süýümlere ýapyşyp biler, altyn ionlary bolsa has täsirli edýär. Netijede, alymlar 20 sany kompýuteriň elektroniki galyndylaryndan 450 milligram alyp bildiler. Alymlar munuň 91 göteriminiň altyn, galan böleginiň misdigini aýtdylar. 

 

Güljeren ŞIROWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.