logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Gyzykly /AKYLLY DEŇIZ JANDARY
  17.11.2022
1252
AKYLLY DEŇIZ JANDARY

- Häzirki wagtda delfinleriň iň köp ýaýran görnüşi bolan çüýşeburun delfinler Arktika ummanyndan başga ähli sebitlerde ýaşaýar.

Delfinler haýwanat dünýäsinde iň ýatkeş haýwanlaryň biri hasaplanýar.

Delfinleriň iki sany aşgazany bolup, olaryň biri iýmit saklamak, beýlekisi bolsa iýmit siňdirmek üçindir.

Delfinleriň ys alyş ukyby ýoklugy üçin, olaryň tagam alyş ukyby pesdir.

Delfinleriň ortaça ömri 25 ýyl hasaplanyp, kähalatlarda olar 50 ýyla çenli hem ýaşap bilýärler.

Delfinler diňe lapykeç, gaharly, aladaly ýa­da gorkan wagtlary dişleýärler.

Delfinler hem örän akylly deňiz jandarlary bolup, olar edil adam ýaly öwrenip, oýnap, aragatnaşyk saklap hem­de gynanyp bilýär.

Delfinleriň iýýän iýmitiniň düzüminde ýeterlik mukdarda suwuklyk bolany üçin olar suw içmeýärler.

Delfinleriň dişleriniň barlygyna garamazdan, olar iýmitleri çeýnemän ýuwudýarlar.

Delfinler bilen ýörite howuzlarda tans etmek, top oýnamak ýaly dürli görkezme çykyşlary geçirilýär.

Delfinler sygyrmak ýa-da aragatnaşygyň beýleki görnüşleri arkaly habarlaşýarlar.
 

 

Nardurdy ŞAKIRJANOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.