logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Politics /Aktau şäherinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan çäre gurnaldy
  14.05.2025
1277
Aktau şäherinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan çäre gurnaldy

2025-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Gazagystanyň Aktau şäherindäki Konsullygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli çäre geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

 

Çärä Gazagystanyň Mangistau welaýatynda ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekilleri we Aktau şäherindäki Ş.Ýesenow adyndaky Hazar tehnologiýalar we inženerçilik döwlet uniwersitetinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

 

Çärede Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilmeginiň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

 

Türkmenistanyň konsuly M.Abdyllaýew çykyşynda Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, şeýle-de Prezident Serdar Berdimuhamedowyň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň halkara derejesinde uly goldawa eýe bolýandygyny belledi. Şeýle hem ol BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» we «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly kararnamalarynyň ähmiýeti barada durup geçdi.

 

Çykyşlarda Bitarap Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna, döwletleriň arasyndaky düşünişmegiň we ynanyşmagyň artdyrylmagyna, dostlukly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge goşýan möhüm goşandy nygtaldy.

 

Şeýle hem çäräniň çäklerinde türkmen halkynyň gadymy el hünärleri, şaý-sepleri we dokma önümleri şekillendirilýän surat eserleriniň sergisi gurnaldy, bu bolsa gatnaşyjylar tarapyndan uly gyzyklanma bilen garşylandy.

 

Dabaranyň ahyrynda gatnaşyjylara Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine bagyşlanan wideoşekiller görkezildi.