Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýaşlar Forumy – geljege barýan ýol! ✦ ✦ 12-nji awgust - Hazar deňziniň güni! ✦ ✦ Hereketleriň maksatnamalaryny milli syýasatlara ornaşdyrmagyň strategiýalary işlenilýär ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlarynyň 16-njy maksadyny durmuşa geçirmäge ýardam bermek boýunça ugurdaş çäreler geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Parlament forumy ✦ ✦ Awaza 2025: Hususy pudagyň forumy ✦ ✦ LLDC ýurtlar boýunça BMG-niň 3-nji maslahaty dünýä metbugatynda ✦ ✦ Awazada medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet dabarasy ✦ ✦ Hazarýaka döwletleriň ekologik gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ak mermeri geljegimize nur çaýýar
  24.05.2023
607
Ak mermeri geljegimize nur çaýýar

Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen her ýylyň 25-nji maýy «Aşgabat şäheriniň güni» diýlip yglan edildi. Bu baýram indi şatlyk-şowhuna beslenip, uludan toýlanylýar. Gözel paýtagtymyz häzirki wagtda dünýäde halkara çäreleriniň, forumlaryň, sergileriň geçirilýän, durnukly ösýän şäherleriň hatarynda tanalýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda gazanylýan beýik ösüşleriň görkezijisi, özgerişleriň kerwenbaşysy bolan ak mermerli Aşgabat bu gün Merkezi Aziýanyň merjen şäherine, Ýer ýüzüniň ylalaşdyryjy parahatlyk dörediji merkezine öwrüldi.

Merjen şäherimiziň häzirki ösen keşbini synlanyňda, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan şähergurluşyk-binagärlik maksatnamalarynyň paýtagtymyzyň yzygiderli ösüşi üçin neneňsi möhüm badalga bolup hyzmat edendigine göz ýetirmek bolýar. Merjen şäherimizde durmuşa geçirilýän hil taýdan täze derejä çykan şähergurluşyk işlerinde ýurdumyzyň ösüşleriniň netijelerini aýdyňlyk bilen görmek bolýar. Şol ösüşler bolsa halkymyzyň abadançylygyna, ýaşaýyş-durmuş derejeleriniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.

Ylalaşdyryjy we işewürlik merkezi hökmünde paýtagtymyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki ornunyň we ähmiýetiniň ýylsaýyn pugtalanýandygy buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Ak şäherimizde gurulýan binalaryň ençemesi halkara derejesindäki maslahatlary, forumlary geçirmäge niýetlenendir.

Goý, ata Watanymyzyň, gözel paýtagtymyz Aşgabadyň Ýer ýüzündäki at-abraýyny mundan beýläk hem belende galdyrmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri elmydama rowaç bolsun!

 

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.